2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň önümçilik senenamasy neşir edildi
256Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň hem-de döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki we fiziki taraplaryň dykgatyna!
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, şu aşakdaky baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:
- 1-nji ýanwar — Täze ýyl baýramy;
- 8-nji mart — Halkara zenanlar güni;
- 21-22-nji mart — Milli bahar baýramy;
- 18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni;
- 2-nji maý — Oraza baýramy;
- 9-10-11-nji iýul — Gurban baýramy;
- 27-nji sentýabr — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
- 6-njy oktýabr — Hatyra güni;
- 12-nji dekabr — Halkara bitaraplyk güni.
Şu günleriň öňündäki iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda 1 sagat ir tamamlanmalydyr.
Iş wagtynyň ölçegleri 8 sagat iş gününden ugur alnyp bäş günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň we 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 36 sagatlyk iş hepdesiniň senenamasy boýunça hasaplanandyr.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, iş tertibi düzülende gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygynyň 1 sagat gysgalýandygy göz öňünde tutulmalydyr. Şol sebäpli, iki dynç alyş günli, bäş günlük iş hepdesinde üç iş çalşygynda işleýänleriň iş wagtynyň ýyllyk gory her gijeki iş wagtynyň 1 sagadynyň hasabyna azalýar.
Gijeki işiň dowamlylygy önümçiligiň şertlerine görä zerur bolan halatlarda, hususan-da üznüksiz önümçiliklerde, şonuň ýaly-da bir dynç günli alty günlük iş hepdesi mahalyndaky çalşykly işlerde gündizki iş bilen deňeşdirilýär.
Beýan edilenler bilen baglylykda, 2022-nji ýylda sagatlaýyn tarif möçberleriniň iş wagtynyň ortaça aýlyk dowamlylygynyň (sagatlarda) gaýtadan hasaplanylyşy şu aşakdaky ýaly bellenilýär:
- 40 sagatlyk iş hepdesi üçin — 166,5
- 36 sagatlyk iş hepdesi üçin — 150,5
https://mlsp.gov.tm/uploads/announcing/file/219/20211018_tm.pdf