Maliýe we karz

1210

Kär: Ykdysatçy

Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde “Maliýe we karz” hünäri boýunça taýýarlanylýan ykdysatçylaryň wezipelerini hem-de olaryň hünärine bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär.
Kär häsiýetnamasy hünärmenleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly hünärmenleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, orta hünär okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerine ugradylyşyny, işe ýerleşdirilişini üpjün etmek we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň hünärlerine laýykdygyny seljermek üçin ulanylmalydyr.

Hünärmeniň wezipesi

Hünärmen alan hünärine we kärine laýyklykda bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hasap, derňew, analiz, dolandyryş işlerini geçirmek üçin taýýarlanylýar.
Hünärmen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň merkezi, welaýat we etrap bölümlerinde, dürli maksatly pul toplumlaryny dolandyrýan edaralarynda, ätiýaçlandyryş guramalarynda, dürli eýeçilik görnüşindäki kärhanalarda, biržalarda, banklaryň maliýe bölümlerinde we beýleki edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipelerde işläp biler.

Hünärmene bildirilýän umumy talaplar

Hünärmen ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, syýasatyna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge çalyşýan şahs bolmalydyr.
Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge  we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.

Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir:

  • maliýe we karz gatnaşyklary boýunça ykdysady nazaryýeti;
  • maliýe syýasatyny, pul dolanyşygyny we ykdysadyýeti kadalaşdyrmagyň usullaryny;
  • maliýe we karz işlerini kadalaşdyrmakda ulanylýan ykdysady görkezijileri;
  • gymmat bahaly kagyzlar bilen geçirilýän amallary;
  • hasaplaşyk işlerini, düýpli maýa goýum işlerini maliýeleşdirmegiň ýörelgelerini;
  • karz-pul gatnaşyklarynyň ykdysady nazaryýetini we daşary ýurt tejribesini;
  • ykdysadyýetiň pudaklarynyň, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň banklar bilen hasaplaşyk, karz-pul, depozit amallarynyň ýerine ýetirilişini seljermegi;
  • bank işini kadalaşdyrýan ykdysady görkezijileri;
  • karzyň esasy görnüşlerini, pul dolanyşygynyň aýratynlyklaryny;
  • karz pullarynynyň resminamalaşdyrylyşynyň tertibini;
  • karz alyjylaryň maliýe ýagdaýlarynyň seljerilişini;
  • bank auditini;
  • bankyň hyzmatlaryny mahabatlandyrmagyň usullaryny.

Hünärmen şu aşakdakylary başarmalydyr:

  • maliýe we karz syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ykdysadyýeti maliýe we karz taýdan kadalaşdyrmagy;
  • býujetiň dürli görnüşlerini işläp düzmegi we maliýe serişdelerini dolandyrmagy gurnamagy;
  • döwletiň içki we daşky bergilerini dolandyrmagy, gymmat bahaly kagyzlary çykarmagy ýola goýmagy;
  • býujetden daşary pul gaznalaryny dolandyrmagy;
  • kärhanalaryň maliýe işlerini gurnamagy;
  • býujet we maliýe meýilnamalaryny işläp düzmegi;
  • peýda, könelme, girdeji we beýleki maliýe serişdelerini hasaplamagy;
  • maliýe gözegçiligini ýola goýmagy;
  • karz alyjylaryň karz pula bolan ukyplylygyny seljermegi;
  • bankyň balansynyň düzülişini doly özleşdirmegi;
  • bankyň aktiw amallarynyň netijeliligini gazanmagy;
  • bankyň passiw amallaryna baha bermegi;
  • bankyň girdejili işlemegini gazanmagy;
  • bankyň pul dolanyşygynyň guralyşyny, pul emmisiýasyny, hojalygyň dolanyşygyna puluň goýberilişini we dolanyşykdaky pul toplumyny kadalaşdyrmagyň usullaryny;
  • bankyň karz-pul serişdeler bazarynda hereket edişine baha bermegi;
  • banklaryň arasyndaky habarçy, internet we beýleki aragatnaşykda töleg ulgamlaryny öwrenip, bank tejribesinde giňden ulanmagy;
  • banklarda kabul edilen düzgünnamalaryň esasynda zerur bolan ykdysady resminamalary taýýarlamagy.
Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleri hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Häsiýetnama hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralarynyň, hünärmeniň hünär derejesini ýokarlandyrýan edaralaryň okuw meýilnamalaryny düzmekde esasnama we iş ýazgysy bolup hyzmat etmelidir.
Kär häsiýetnamasyna ylmyň gazananlaryna esaslanýan üýtgetmeler we goşmaçalar diňe Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ylalaşmagy esasynda girizilip bilner.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42