“Ylymly ýaşlar berkarlygyň binýady” atly bäsleşigi geçirildi
90 Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde ähli 1-nji ýyl talyplaryň arasynda 25-nji oktýabr güni “Ylymly ýaşlar berkarlygyň binýady” atly bäsleşigi geçirildi. Talyplar şu aşakdakylar esasynda ýaryşdylar:
1-nji şert: Saýlap alan hünärini wasp etmek;
2-nji şert: Bu şertde bäsleşige gatnaşyjylar halk döredijiliginiň şahyrana eserlerini çeper beýan etmeli
3-nji şert: Işdä açar taýýarlamak (talyp oglan)
4-nji şert: Sahna (talyp durmuşyndan)
Birinji, ikinji we dördünji şertleri ýerine ýetirmek üçin her topara aýratynlykda 3 minut wagt we üçünji şertleri ýerine ýetirmek üçin bolsa 5 minut wagt berildi. Bäsleşige tomaşa etmäne mekdebimiziň mugallymlary we 2-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşik örän çekeleşikli we gyzykly geçdi. Mekdebimiziň mugallymlary N.Toýlyýew, B.Mýatdurdyýew we mekdebimiziň kitaphanaçysy S.Alowowa bäsleşigiň emin agzalary hökmünde eden çykyşlaryna baha berdiler. Netijede mekdebimiziň “Salgytlar we salgyt salmak” hünäriniň 107-nji toparynyň talyplary 3-nji orna, “Maliýe we karz” hünäriniň 104-nji toparynyň talyplary 2-nji orna we “Bank işlerini programmirlemek” hünäriniň 108-nji topary 1-nji ýere mynasyp boldular. Olary hormat hatlary we gymmatly sowgatlar bilen sylaglandyrdylar.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Aýydowa Leýli