Sanly bilim

984
Sanly ulgam-ösüşe badalga
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ata Watanymyz Türkmenistan dünýä döwletleri şeýle-de abraýly Halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli berkidýär we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan döwlet syýasatynda ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen kompýuter ulgamy we häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri kämilleşdirilýär, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Munuň özi biziň ykdysadyýetimizi has-da berkidýär.
Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipeleriň çözülmegi täzeçe pikirlenmegi başarýan hünärmenleri taýýarlamak işinde şonuň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe gitmeginde nobatdaky möhüm ädimdir.
Häzirki döwürde ylma güýçli döwlet goldawy berilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlaglary geçirmek, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda täze önümleri döretmek, ylmyň ykdysadyýet bilen aragatnaşygyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm çözgütler kabul edilýär.
2019-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we sebitlerini sanly ykdysadyýete geçirmek wezipesi bellenilip, bu işler “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda amala aşyrylýar. Okuw ýaşy dolan körpeleriň ilkinji okuwa gadam basan günleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan kompýuter sowgatlarynyň berilmegi, orta we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter bilen baglanyşykly sapaklaryň yzygiderli geçilmegi ýurdumyzy sanly ulgama geçirmegiň iň ilkinji basgançaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň şeýle-de daşary döwletleriň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly onlaýn görnüşinde yzygiderli geçirilýän ylmy okuw sapaklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Biz mugallymlara okatmaga, öwretmäge döredip berýän mümkinçiliklerini Arkadagymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ähli tutumly başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Nurgeldi AÝYDOW

Paýlaş

Ylym

Sanly ulgam-ösüşe badalgaBerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman [...]

Mugallymlar

Sanly ulgam-ösüşe badalgaBerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman [...]

Sanly bilim

Sanly ulgam-ösüşe badalgaBerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman [...]

Kitaphana

Sanly ulgam-ösüşe badalgaBerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman [...]

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42