Buhgalterçilik hasaba alnyşy

3399

Kär: Ykdysatçy

Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäri boýunça taýýarlanylýan ykdysatçylaryň wezipelerini hem-de olaryň hünärine bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär.
Kär häsiýetnamasy hünärmenleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly hünärmenleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, orta hünär okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerine ugradylyşyny, işe ýerleşdirilişini üpjün etmek we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň hünärlerine laýykdygyny seljermek üçin ulanylmalydyr.

Hünärmeniň wezipesi

Hünärmen alan hünärine we kärine laýyklykda bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hasap, derňew, analiz, dolandyryş işlerini geçirmek üçin taýýarlanylýar.
Hünärmen eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli senagat, söwda, araçy, taýýarlaýyş kärhanalarynda, birleşiklerde, bank, karz, maliýe, býujet we beýleki edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipelerde işläp biler.

Hünärmene bildirilýän umumy talaplar

Hünärmen ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, syýasatyna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge çalyşýan şahs bolmalydyr.
Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge  we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.

Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir:

  • umumy ykdysady derslerini (ykdysady nazaryýet, statistika, maliýe, pul dolanyşygy we karz, hojalyk işleriniň analizi we beýlekileri);
  • buhgalter hasabynyň guralyşyny we amala aşyrylyş meseleleriniň nazary esaslaryny we iş tejribelerini aýdyňlaşdyrýan ýörite dersleri, buhgalter hasabynyň ugurlaryny we usullaryny:
  • auditor işleriniň esaslaryny;
  • kärhanalaryň we guramalaryň işleriniň esasy we kömekçi görke-zijileriniň meýilnamalaşdyrylyşynyň we çaklanyşynyň usullaryny;
  • hojalyk amallarynyň hasabynyň we hojalyk işleriniň seljerilişiniň, hasabatyň we dürli gözegçilik-barlag resminamalarynyň düzülişiniň aýratynlyklaryny we tertibini;
  • ykdysadyýetiň pudaklarynyň tehnologiýasyny, guralyşyny we meýilnamalaşdyrylyşyny, pudaklaýyn kärhanalaryň (guramalaryň) maliýeleşdiriş we karzlaşdyryş meselelerini;
  • önümçilik pudaklarynda çykarylýan önümlere düşýän gymmatlygy hasaplamagy;
  • deslapky derňewlerde, kazyýet seljeriş işlerinde kazyýet buhgalter ekspertizasynyň geçiriliş tertibini;
  • hereket edýän salgyt kanunçylygyny, salgytlaryň býujetden daşgary ýygymlaryň, paçlaryň we ykdysady jerimeleriň görnüşlerini, hasaplanyşyny; 
  • buhgalter hasaby we audit boýunça halkara ülňülerini, olary öz ýurdumyzda ornaşdyrmagyň meselelerini.

Hünärmen şu aşakdakylary başarmalydyr:

  • alan hünärine laýyklykda kärhanalarda we guramalarda buhgalter hasabyny, içerki auditi, maliýe gözegçiligi we barlagy guramaklygy we amala aşyrmaklygy;
  • hasap işleriniň paýhaslylygyny üpjün etmegi we alnan maglumatlaryň ynamdarlygyny barlamagy;
  • pul, maliýe serişdeleriniň we maddy gymmatlyklaryň harçlanyşynda kanunçylygyň berjaý edilişini barlap durmaklygy;
  • pudagyň kärhanalarynda (guramalarynda) buhgalter hasabynyň guralyşyny we ýörediliş tehnikasyny barlamaklygy;
  • dürli maliýe-ykdysady gulluklarynyň analitiki işlerini sazlaşdyrmagy we hojalyk hasaplaşygyny we döwlet düzgün-tertibini berkitmek boýunça çäreleri amala aşyrmagy;
  • ykdysady maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan işlenişiniň wezipelerini, meselelerini düzmegi;
  • hasap-ykdysady we auditerçilik işleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça özbaşdak çözgütleri kabul etmegi;
  • özbaşdak auditerçilik işlerini geçirmegi.

Kär häsiýetnamasy şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleriniň hökmany suratda göz öňünde tutmaly hem-de işinde ulanmaly resminamadyr. Dolandyryş edaralary bolsa muny durmuş-ykdysady we ylmy-tehnologiýa ösüşiň talaplaryna we öňe gidişligine laýyklykda giň hünärli hünärmenleri okatmaklygy we terbiýeçiligi hemişe kämilleşdirmeklik üçin peýdalanmalydyr.
Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleri hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Häsiýetnama hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralarynyň, hünärmeniň hünär derejesini ýokarlandyrýan edaralaryň okuw meýilnamalaryny düzmekde esasnama we iş ýazgysy bolup hyzmat etmelidir.
Kär häsiýetnamasyna ylmyň gazananlaryna esaslanýan üýtgetmeler we goşmaçalar diňe Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ylalaşmagy esasynda girizilip bilner.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42