Mekdebimiziň mugallymlary "STARTAPEKOULGAM-2024-2025" maksatnamasynyň çäklerinde okuwa gatnaşdylar

45
2024-nji ýylyň 29-njy noýabryndan 10-njy dekabry aralygynda mekdebiň mugallymlary A.Abylow we E.Arçaýew Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen “Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi” Milli jemgyýetçilik bileleşiginiň bilelikdäki “Startap-ekoulgam – 2024-2025-nji” atly maksatnamasynyň iş meýilnamasyna laýyklykda Synag startap meýdançalary döretmek boýunça okuwa gatnaşdylar.
Häzirki wagtda innowasiýa ykdysadyýetiniň ösüş derejesi, ýurduň ösüşiniň we dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy görkezijileriniň biridir. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallary bilen ykdysady toplumlara innowasiýalary ornaşdyrylmagyna, ýaşlaryň innowasion taslamalarynyň goldanmagyna giň mümkinçilikleri döredip berdi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda startaplary döretmek we goldamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
StartUp - bu goýlan maýa goýumlary tiz ödeýän we peýda almaga niýetlenen täjirçilik taslamasy. Islendik startapyň düýp mazmunynda innowasion pikirler, oýlap tapmalar, täzeçil ideýalar ýatyr.
Startapy adatça wençur kompaniýalary (ýokary töwekgelçilikli maýa goýumlary maliýeleşdirýän guramalar) tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bu ýokary töwekgelçiligi talap edýän iş bolup, diňe müşderiler üçin uly ähmiýeti bolan startaplar bazarda galmagy başarýar. Startap taslamalar wagtlaýyn hereket edip, olaryň maksady hiç kimde bolmadyk, gaýtalanmajak ideaýalar arkaly hususy kärhanaňy gurmaklygy göz öňünde tutýar.
Startaplaryň şu görnüşleri bar:
- Kiçi işewürligiň startaplary
- Satyn alynýan startaplar
- Giňelýän startaplar
- Döredijilik startaplary
- Durmuş startaplary
Işewürlik meýilnamalaryndan tapawutlylykda startap taslamalar innowasion çözgütleriň döredilmegini we giňelmegini talap edýär. Işewürlik meýilnamalary bolsa bazarda bar bolan, öňden hereket edýän ideýalary, mümkinçilikleri ulanyp, durnukly girdeji almagy gazanmakdan ybaratdyr.
StartUp-Ekoulgam – bu startaplary ornaşdyrmak we olara goldaw bermek maksady bilen, gerek bolan serişdeleriň,  gurallaryň we gyzyklanýan taraplaryň, ýagny telekeçileriň, maýadarlaryň, döwlet gurmalarynyň, hususy kärhanalaryň, bilim edaralarynyň birleşmegidir. Startap-ekoulgam fiziki ýa-da onlaýn gurşaw bolup bilýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň öz startaplaryny bilen tanyşdyrmaga, öz pikirlerini beýan etmäge, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge, pikir alyşmaga şertler döredildi. Bu ugurda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ylmy-amaly, ylmy-döredijilik maslahatlary, sergileri, onlaýn okuwlary guralýar. “StartUp” ylmy-döredijilik merkezleri talyplarda işewürlik endiklerini emele getirmäge, döredijilikli pikirlerini ylmy-tejribe taýdan öwrenmäge hem-de bu tejribäni durmuşda peýdalanmaga, nazary bilimlerini çuňlaşdyrmaga we berkitmäge ýardam berýär. 
Ýurdumyzda ýaşlara şeýle startaplary döretmekde we durmuşa geçirmekde uly goldaw berilýär. Ýaşlaryň innowasion ideaýalaryny ykdysadyýete ornaşdyrmaga, telekeçilik we ylmy-döredijilik ukyp-başarnyklaryny görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta 
hünär okuw mekdebiniň mugallymy 
Kuwwat Kulyýew

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42