Türkmen manady - milli buýsanjymyz
268Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, şol sanda ýurdumyzyň maliýe syýasaty ulgamynda hem düýpli özgerişikler we ösüşler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetleriň globallaşýan we integrirlenýän işleriniň ösüşi, howpsuzlygy ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň netijeliligini we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän häzirki zaman ykdysady şertleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boup durýar. Munuň üçin esasy şertleriň biri hem maliýe ulgamynyň durnukly we yzygiderli işlemegi boulup durýar.
Pul ykdysady iň möhüm düşünjeleriniň biridir. Ol harydyň alyş-çalyş gymmatynyň taryhy ösüşiniň netijesinde emele gelipdir.
Pul jemgyýetde we adamlaryň durmuşynda maddy taýdan möhüm orna eýedir. Puluň ýüze çykmagy netijesinde adamzat durmuşynda uly özgerşikler bolup geçdi. Pul ýüze çykmazdan öň onuň deregine käbir harytlar alyş-çalyş hökmünde ulanypdyr.Ýagny, pul diýen düşünje entek emele gelmezden ozal adamzat diňe tebigatda bar bolan zatlar bilen, ondan başgada, her bir taýpa öz ellerinden gelýän sadaja gurallary bilen ýaşapdyrlar. Soňra olar, öz arasynda bir-birleri bilen haryt alyş-çalyşygyny edip başlapdyrlar. Emma harydy haryda çalyşmagyň amatsyzlyklarynyň ýüze çykmagy sebäpli, uzak geçmişde adamlaryň arasynda alyş-çalyş edilen wagtynda onuň öwezini tutup biljek haryda-pula isleg döräpdir. Ýer togalagynyň dürli ýerlerinde, dürli eýýamlarda ýelekler, balykgulaklar, haýwanlaryň dişlerinden ýasalan monjuklar we bilezikler, keramiki (toýundan taýýarlanan) önümler, merjenler, kakao-noýbalar, ikbaşlar, kümüş, altyn ýaly örän dürli zatlar, galyberse-de, banknotlar-kagyz pullar şunuň ýaly haryt hökmünde peýdalanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen pullar täze wezipelere eýe bolup başlapdyr. Netijede, olar adamzat jemgyýetindäki ynanyşmagyň derejesini görkezýän ýagdaýa öwrülýär. Pullar diňe bir ýüze çykýan meseleleri çözmegiň serişdesi bolman, eýsem olar öz gezeginde şol meseleleri hem döredýär. Bu bolsa geň ýagdaýdyr. Olaryň peýdalanylmagy deňsizligiň şol sanda ykdysady gatlaklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Pullar örän anyk çäklerde, belli bir serhediň içinde ýaýran hem bolsa-da, olar walýuta hümmetiniň kömegi bilen halkara walýuta bazary bilen hem baglanşyklydyr.
Pul häzirki wagtda döwlet dolandyrylyşynyň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar, emma her bir adam "pul" düşünjesine girmezden ozal, ilki bilen onuň taryhyny beýan edýän maglumatlara eýe bolsa ýerlikli bolar.
Pullaryň we pul aýlanşygynyň taryhy ol ya-da beýleki prosesler, wakalar, taryhy şahysyýetler, dini düşünjeler, ykdysady, syýasy we jemgyýetçilik durmuşy hakynda bilimleriň iň möhüm çeşmeleriň biridir. Pul umuman alanyňda―munuň özi syýasy taryhdyr. Ozaly bilen bolsa jemgyýetçilik-ykdysady formasiýalaryň, eýeçilik görnüşleriniň we gatnaşyklarynyň taryhydyr, belli bir anyk taryhy zamanyň jemgyýetlerindäki haryt-pul gatnaşyklarynyň ösüş derejesiniň taryhydyr.
Gadymy asyryň taryhyna ser salsak gadymy halklaryň ilkinji pullary barada maglumatlar, özüniň ummasyz numuzmatiki we maddy gymmatlyklary bilen şu günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Kömekçi taryhy dersleriň arasynda numizmatika aýratyn orun tutýar. Bu söz "numizma"diýen sözden gelip çykýar we şaýy (şaýy pul) diýmegi aňladyp, şu ylmyň―şaýylar hakynda ylmyň ady bolup hyzmat edýär. Numizmatika ― syýasy ykdysadyýetiň garaýşlaryna hem, arheologiýanyň we etnografiýanyň maglumatlaryna hem esaslanýar. Numizmatika taryh ylmynda diňe pul nyşanlaryny öwrenýän bolsa-da, şaýy we kagyz pullarda iňňän dürli takyk maglumatlar berilýär, bu bolsa maglumatlar ähmiýeti adamzat taryhynyň özleri baradaky maglumatlar beýleki çeşmelerde az bolan, kämahallar bolsa umuman maglumat ýok döwürleri üçin aýratyn gymmatlydyr.
Numizmatika ylmynyň öwrenýän şaýy pullarynyň gymmaty diňe bir olardaky altynyň we kümüşiň mukdaryna bagly däldir. Şaýylar, ozaly bilen, ägirt uly ylmy we öwreniş potensial bolmagy bilen gymmatlydyr, munuň özi bolsa numizmatika materialynyň mazmunydyr.
Puluň ýüze çykmagy jemgyýetiň ykdysady gatnaşyklaryny we önümçiligiň aýratyn şertlerini ýerine ýetirmeklik bilen ol onuň usullarynyň yzygiderli ösmegine ýardam edýär.
Ykdysady gatnaşyklaryň ösýän we üýtgeýän şertinde puluň hereketinde aýratynlyklar bolup geçýär.
Puluň ýüze çykmagyna aşakdaky ýagdaýlar sebäp bolýar:
- natural hojalygyndan haryt önümçiligine we haryt alyş-çalşygyna geçilmegi;
- haryt öndürijileriň emläk aýrybaşgalanmagy;
- öndürilen önümiň belli-bir eýesiniň bolmagy.
Ilkidurmuş jemgyýetiniň başlangyç döwründe adamlaryň öndüren önümleri hususy isleglerini kanagatlandyrmak üçin sarp edilipdir.
Önümçiligi ösdürmegi höweslendirmegiň, şonuň ýaly-da belli bir derejede tebigy şertleriň täsiri esasynda (mysal üçin, maldarçylygyň, ekerançylygyň ösmegi üçin şertiň döredilmegi) önümiň belli bir görnüşlerini öndürmek esaslandyrylýar we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy esasynda önümiň öndürilişi köpelýär.
Haryt öndürijileriň emläk aýrybaşgalanmagy, öndürilen harytlaryň eýeleriniň bolmagy, olara degişli harytlary başga harytlara çalyşmaklyga ýa-da harytlary pula satmaklyga mümkinçilik berýär.
Harydyň gönüden-göni haryda çalşylmagy haryt öndürijileriň bähbidine laýyk gelen ýagdaýynda bolup geçýär. (Haryt çalşylanda haryt-öndürijileriň bähbitleri göz öňünde tutulmaly we çalşylýan harytlaryň gymmat barabarlygy (ekwiwalentligi) üpjün edilmelidir. Bu bolsa öz gezeginde çalşylmaklygy çäklendirýär, şol sanda çalşylýan harytlaryň bölünmeýänligi (mysal üçin, iri şahly mal) belli bir derejede päsgelçilik döredýär.
Alyş-çalyş ekwiiwalentlik talabynyň berjaý edilmegi harytlaryň gymmatynyň ölçegini göz öňünde tutýar, ol öz gezeginde olary taýýarlamak üçin sarp edilen zähmetden gelip çykýar.
Alyş-çalyşyň ösdürilmegine bolan ymtylma harytlaryň öndürilişiniň ýokarlanmagyny höweslendirdi, çalşylýan harytlaryň gymmatyny ölçemeklik üçin, çalşylýan harytlaryň köpdürliligi harytlaryň ählumumy ekwiwalentiniň bölünip aýrylmagyna getirdi.
Alyş-çalşyň ösmegi, kem-kemden onuň intensiwliginiň ýokarlanmagy ilki bilen aýratyn harytlaryň ulanylmagyna (malyň, gönüň), soňra bolsa gymmat bahaly metallaryň (esasanam altynyň) ählumumy ekwiwalent bolup çykyş etmegine getirdi.
Türkmenistanda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli dolanşykda Russiýanyň pul birlikleri hereket etdi. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda öz milli pul birligimiziň dolanşyga girizilmegine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň "Türkmenistanyň pul düzgünini goramak boýunça çäreler hakyndaky"karary esas bolyp hyzmat etdi. Şol karar esasynda milli pul birligimiz manat diýlip atlandyryldy. Türkmenistanyň çäklerinde nagt pullary çykarmak we olary dolanşykdan aýyrmak hukugy diňe Türkmenistanyň Merkezi bankyna degişli edildi. Şeýlelikde dolanşyga hümmeti 1, 5, 10, 20, 50, 100, 500, 1000, 5000, 10 000 bolan banknotalar dolanşyga goýberildi.
Ýudymyzyň bazar ykdysadyýetiniň ösen tapgyryna geçilmegi bilen ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda pul dolanşygyny kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykdy. Şu nukdaý nazardan Hormatly Prezidentimiziň 2008-nji ýylyň 27-nji awgustynda gol çeken "Türkmenistanyň milli pul birliginiň denominasiýasyny geçirmek hakyndaky" Permanyna esaslanyp pul birligimiziň gymmaty üýtgedildi, ýagny köne nusgadaky 5000 manat täze girizilen 1 manada çalşyldy. Denominasiýa tutuş bir ýylyň dowamynda, ýagny 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabryna çenli amala aşyrylyp, şol döwürde täze nusgadaky pul birlikleri bilen bir hatarda köne nusgadaky pullar hem hasaplaşyklarda töleg serişdesi hökmünde ulanyldy. Mundan başgada, 2009-njy ýylyň dowamynda köne nusgadaky pullaryny çalyşyp ýetişmedik taraplar üçin 2010-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň täjirçilik banklarynda çalyşmaklyk doly ýola goýlandyr. Täze banknotalarda taryhy şahsyýetleriň keşpleriniň janlandyrylmagy türkmen halkynyň geçmişine uly sarpa goýýandygyndan nyşandyr. Taryhy geçmişimizden şu günlerimize çenli ýetip gelen milli pullarymyz türkmen halkynyň göz guwanjy milli buýsanjydyr.
Hojamyrat KASYMOW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň mugallymy.