“Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşaýjylary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

258

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň giňeldilen mejlisinde öňde goýan wezipelerini, tabşyryklaryny durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni pugtalandyrmak, olaryň edepli-ekramly bolmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirilen “Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşaýjylary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň orunbasary Taganow Rejepnazar, Daşoguz welaýat PM-niň 4-nji bölümçesiniň gözegçisi Saparnazarowa Selbi, Daşoguz şäher PB-niň KÝÝIBB-niň gözegçisi Amanýazowa Maýa, Döwlet edaralaryň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, TAP-nyň Daşoguz welaýat komitetiniň bölüm müdiri Gurbanmedow Hudaýberdi, TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni Galpakow Nurýagdy, “Türkmenistan” ÝBSG-niň Daşoguz welaýaty boýunça hünärmeni Paltaýewa Bibi, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy Saparow Hanbaý aga, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni Täjibaýewa Maral dagylar, mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Ilki bilen Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň orunbasary Taganow Rejepnazar wagyz-nesihat ýygnagyny açyp, oňa gatnaşýan myhmanlar bilen tanyşdyrdy.
Soňra Daşoguz welaýat PM-niň 4-nji bölümçesiniň gözegçisi Saparnazarowa Selbi, Daşoguz şäher PB-niň KÝÝIBB-niň gözegçisi Amanýazowa Maýa dagylar çykyş edip, her jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, maşgalanyň halallygy, ene-atanyň çagalarynyň, il-gününiň öňündäki borjy bilen kesgitlenýändigi, terbiýäniň düýp binýady, hemişe we her bir ýurtda, ilkinji nobatda maşgalada goýulýandygy, maşgalada goýulýan ilkinji kerpijiň çaganyň terbiýesinde esasy orny tutýandygy, türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýändigi, terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy talap etse, ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna atarýandygy, akyldarlaryň aýdyşy ýaly, islendik döwletli işi ýola salmak, amala aşyrmak we şol meselede üstünlik gazanmak üçin, ilkinji nobatda erk-ygtyýar, sabyrlylyk, tutanýerlilik häsiýetleriniň zerurdygy, ýadaman, ýaltanman şol ugurda göreşmelidigi, irginsiz zähmet çekmelidigi barada giňişleýin belläp, halkymyzyň baky bagtyýarlygy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Soňra Döwlet edaralaryň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa çykyş edip, Arkadag Prezidentimziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek babatda ähli şertleriň, olaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, Gahryman Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine has ygrarly we ony wagyz ediji bolmak bilen, bu babatda halkymyza, aýratynda ýaşlara görelde görkezýändigi, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň” kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridigi, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiz aýratyn hem ýaş nesliň sagdyn ruhly, sagdyn bedenli bolmagy, sagdyn ösüp kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi barada giňişleýin gürrüň berdi.
Soňra TAP-nyň Daşoguz welaýat komitetiniň bölüm müdiri Gurbanmedow Hudaýberdi öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň saglygy, iň esasy hem ýaşlaryň sagdyn bedenli kemala gelmegi babatynda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen belledi. Hormatly Prezidentimiziň sportdaky ussatlygynyň ýaşlara görelde mekdebi bolup durýandygyny aýdyp, türkmen ýaşlarynyň sportdaky gazanýan üstünlikleriniň amala aşyrylýan işler bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, höweslendirmek boýunça anyk tabşyryklary bermegi netijesinde, bu ugurda alnyp barylýan işleriň has ýokary depginde ösdürilýändigini belläp geçdi we çykyşynyň ahyrynda il saglygy, halkyň asuda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtmak bilen sözüni jemledi.
Soňra TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni Galpakow Nurýagda söz berildi. Ol öz çykyşynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşini täze derejelere, üstünliklere ýetirýän ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan işleri halkymyza bagtyýar durmuşy eçilýändigini, her gün täzelikler, şanly wakalar bilen taryh ýazýan we belent sepgitlere ýetýän döwletimiz durmuşyň, ýaşaýyşyň ähli ugurlarynda agzybir halkymyz hakdaky aladany ileri tutýandygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ykdysady ösüşleri bilen deň derejede kanunçylyk namalarynyň döwrebap we halkara derejelerinde kämil bolýandygyny nygtady. Ýurdumyzda sagdyn durmuşy ornaşdyrmakda, halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşamagy üçin Arkadag Prezidentimiziň täze başlangyçlary öňe sürýändigi, munuň özi her bir işiň oňyn çözülmegine we täzeçillige alyp barýandygy barada gürrüň berdi. Şeýle-de, ýurdumyzda Ýaşlar baradaky Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň üstünlikli hereket edýändigini, ýaşlar baradaky syýasatyň hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplanylýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýaşlar barada edilýän uly tagallalar, ýaş nesilleriň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döredilýän şertler barada giňişleýin durup geçmek bilen, ýaşlaryň tertip–düzgüni dogrusynda giňişleýin çykyş edip, olary ata Watanymyzy söýmäge, oňa wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmäge, geljekde ýokary bilim alyp, işine ussat hünärmenler bolup ýetişip, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda halal we yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiň köpugurly ýoly bilen ösmegine özleriniň şahsy goşandyny goşmaga çagyrdy.
Soňra Daşoguz şäheriniň 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Karabaýew Zafar öz çykyşynda Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzda höküm sürýän asuda, abadan durmuşda her bir raýatyň eşreti zamanada bagtyýarlykda ýaşaýandygyny nygtap, her bir pursatda halkynyň aladasy bilen ýaşaýan hormatly Prezidentimiziň geljekde ýurdumyzy dolandyrjak ýaş nesillerimiziň halallyga uýýan, mert-merdana, il halkyny söýýän, watansöýüji, ylym-bilim taýdan ýüküniň ýetik, milliligimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza guwanýan we buýsanýan ruhdaky ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegiň biziň öňümizde mukaddes borç bolup durýandygyny giňişleýin wagyz etdi. Ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, olaryň ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden dogry we doly peýdalanyp, geljekde ynsanperwer, Watana, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolmalydyklary barada gürrüň etdi.
Soňra “Türkmenistan” ÝBSG-niň Daşoguz welaýaty boýunça hünärmeni Paltaýewa Bibä söz berildi. Ol öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu günki gün ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, hünär öwrenmekleri, ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, çünki watansöýüji, ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridigini belläp, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini belledi. Ol Arkadag Prezidentimiziň ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, sowatly bolup ýetişmekleri bilen bir hatarda, olaryň watançylyk duýgusynyň ýokary bolmagyny gazanmagyň möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, eziz Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, ýurdumyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuwlap, çykyşyny jemledi.
Soňra Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy Saparow Hanbaý aga çykyş edip, her bir ene-atanyň ogul-gyzy uly umytlar bilen ýetişdirýändigini, sagdyn pikirde bolup, ene-ata, Watana, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmelidigini wagyz-nesihat etdi.
Soňra Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni Täjibaýewa Maral çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, bimöçber aladalarynyň netijesinde, türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşaýandygy, ýurdumyzda amala aşyrylýan parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde, ata Watanymyzyň abraýynyň has-da artýandygy dogrusynda buýsanç bilen belläp, Garaşsyz we baky Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan kanunçylyk namalary barada gürrüň berdi. Ol jemgyýetiň sütüni bolan maşgala ojagynyň abadan we döwletli bolmagynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, her bir raýatyň öz üstüne düşýän jogapkärçiligi duýup, jemgyýetimize zyýan ýetirýän endiklerden ýaş nesliň daşda durmagyna goşant goşmalydygy barada nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň döreden giň mümkinçiliklerinden ugur alyp, sagdyn ýaşamalydygyny aýdyp, Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdi.
Ýygnagy alyp baryjy ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmaklary, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli mirasymyza sarpa goýmalydyklary, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň wesýetlerine eýerip, döwrümize mynasyp ýaşlaryň biri bolup ýetişmelidikleri barada aýdyp, Arkadag Prezidentimiziň tutumly işleriniň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuwlap, wagyz-nesihat çäresini jemledi.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42