Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

288

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýeti mizi döwrebaplaşdyrmak bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Esasan hem innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin uly işler alnyp barylýar, bu ugurda kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär. Dünýä ösüşiniň hazynasyna uly goşant goşan şöhratly ata-babalarymyzyň örän baý medeni mirasyna daýanmak we milli gymmatlyklarymyzy saklap galmak bilen, dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup dur ýar. Bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýe te eýedir. Çünki ylmyň hem tehnikanyň ýokary depginde ösmegini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri hem ýokary hünärli, ählitaraplaýyn bilimli hünärmenleriň ýeterlik derejede bolmagydyr. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribäni ugur edinýän bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ony ösüşiň dünýä derejesine çykarmak möhüm wezipedir. Bilim edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, bilim bermegiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak üçin sanly tehnologiýalary giňden ulanmak maksadynda bilim bermegiň sanly ulgamy halkara ülňülerine laýyklykda işjeňleşdirilýär. Bu ulgama ylmyň öňdebaryjy gazananlary we okatmagyň kämil usullary giňden ornaşdyrylýar. Häzirki zaman özgertmeleri bu ulgamyň işgärleriniň netijeli işlemegi, ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hut şonuň üçin hem sanly bilim ösdürilip, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, ylmyň iň täze gazananlaryny özleşdirmeklerine aýratyn üns berilýär. Bu babatda ýörite bilim portallary döredilip, ýaşlaryň sanly ulgamdan peýdalanmaklaryna giň mümkinçilikler döredildi. Munuň özi bolsa häzirki döwürde sanly ulgamyň giň mümkinçilikleriniň işjeň durmuşa ornaşdyrylýandygyny aýdyň beýan edýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sanly ulgam durmuşymyza işjeň ornaşýar. Sanly ulgam tizligi, amatlylygy, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen dürli kitaplary elektron nusgada tiz tapmaga we okamaga, uzak aralykdan ylmy maslahatlary guramaga mümkinçilik döreýär. Şeýle aýratynlyklaryň özi hem ösüşe tizlik berýär, işleriň tiz durmuşa ornaşdyrylmagyna şert döredýär. Şeýlelikde, eziz Diýarymyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ösdürilýär. Bularyň hemmesi halkymyz üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär hem-de ýurdumyzyň ösüşini üpjün edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň aýdyň beýanydyr. Ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Kasymow Hojamyrat,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42