Türkmenistanda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi

255

Şu gün Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Şu gün geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döreden esasy çäreleriň biri boldy.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirilen foruma saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Olara sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň birnäçesinden — Russiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Rumyniýadan tanymal alym-professorlar, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleri goşuldylar. Bularyň hemmesi lukmançylyk diplomatiýasynyň ýokary kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly halklaryň hem-de döwletleriň arasyndaky ýeke-täk maksada — adam ömrüni bilelikde halas etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamaga we dikeltmäge ýardam etmek maksadyna hyzmat edýändiginiň subutnamasydyr.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda belleýşi ýaly: “Biz uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleri, ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirip, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny döretdik. Öňdebaryjy tejribeleri, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, bu ulgamlary dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrdyk”.

Forumyň işine başlamagynyň öň ýanynda Türkmenistany sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmäge, ýurdumyzyň baş baýlygyny artdyrmaga — adam saglygyny üpjün etmäge uly goşant goşan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň bir toparyny sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna we Kararyna hem-de beren tabşyrygyna laýyklykda, olar döwlet sylaglary we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanyldy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 13-nji jildi gowşuryldy.

Türkmen lukmanlaryny sanly ulgam arkaly olaryň daşary ýurtly kärdeşleri hünär baýramçylygy bilen gutlap, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine kybap gelýän Garaşsyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryna hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Bu ýerde gürrüň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň Baştutanynyň beýan eden hem-de häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine özara ylalaşykly jogaplary işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmeleri barada barýar.

Maslahata gatnaşyjylar däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň netijelidigini belläp, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň, şol sanda dünýä lukmançylygynyň iň gowy tejribelerini we täze işlerini nazara almak bilen, ony has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky ýyllarda tejribe alyşmak, ýokary hünär derejeli işgärlere bilim bermek we olary gaýtadan taýýarlamak boýunça ýola goýlan özara gatnaşyklar adamlaryň saglygyny goramagyň ählumumy wezipelerini çözmäge uly goşant bolup durýar. Bu babatda bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmak, dürli keselleri anyklamagyň we bejermegiň täze tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr.

Maslahatyň dowamynda adamyň saglygyny goramagyň — öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş merkezlerini we şypahanalary gurmagyň, ekologiýa wezipelerini çözmegiň, köpçülikleýin sport hereketini hem-de işjeň dynç alyş düzümini ösdürmegiň, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň kesgitleýji şertleriň birnäçesini öz içine alýan köptaraplaýyn ulgamdygy bellenildi.

Ýurdumyzyň degişli ugurlarda toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň hem-de esasy halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleriniň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) hem-de beýleki düzümleriniň giňden ykrar etmegine mynasyp boldy.

Häzir ýurdumyzda BSGG-niň maslahatlaryna laýyklykda hem-de milli kanunçylygy nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Käbir howply ýokanç keselleriň, şol sanda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi hakynda halkara güwänamalar hem-de biziň ýurdumyzyň ýokanç däl keselleriň öňüni almaga goşýan uly goşandy üçin BSGG-niň güwänamasy ilatyň saglygyny goramak işinde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasydyr.

Forumyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatyny amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler beýan edildi. Şol syýasat ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini hem-de görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar, ulgamyň kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar.

Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýat merkezlerinde sebitde deňi-taýy bolmadyk, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleri, şypahanalar, ýöriteleşdirilen klinikalar, lukmançylyk-senagat kärhanalary, döwrebap sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi. Şolarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi.

Çykyşlarda Ýewropanyň we Aziýanyň esasy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklaryň we tejribe alşylmagynyň türkmen lukmanlaryna köp keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň netijeli usullaryny öwrenmäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, lukmançylyk ylmyny ösdürmäge uly üns berilýär, munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň, ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hökmany şerti bolup durýar. Halkara bilim gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi hem hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli terbiýelemäge hyzmat edýär. Bu özygtyýarly Türkmenistanyň ösüşiniň täze taryhy döwründe döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Durmuş taýdan ähmiýetli sportuň ösdürilmegi hem milli Liderimiziň alyp barýan, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini işjeňleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, zähmeti we dynç almagy sazlaşykly utgaşdyrmak bu ugurda geçirilýän işleriň möhüm tapgyrydyr.

Jemgyýetiň sagdynlygynyň, ösüp gelýän nesli beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösdürmegiň esasyny düzýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde tutuş ýurdumyzda köp sanly sport desgalary guruldy hem-de bar bolanlarynyň durky düýpli täzelenildi.

Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüldi, munuň özi Halkara Olimpiýa Komitetiniň talaplaryna kybap gelýän sport ulgamynyň kemala gelendigini görkezýär.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem-de 2018-nji ýylda geçirilen “Amul — Hazar” halkara awtorallisi we agyr atletika boýunça dünýä çempionaty iri sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi baýram etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etmegi dünýä sport giňişliginde uly üstünlikleri gazanan Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu waka ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport diplomatiýasyny dünýä bileleşiginiň biragyzdan goldamagynyň ýene bir tassyknamasyna öwrüldi.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketine hem-de ýokary netijeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň çäklerinde, ata Watanymyzyň sport abraýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparymyzyň gatnaşmagy şu ýylyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň sportunyň häzirki zaman taryhynda ilkinji gezek Olimpiadanyň kümüş medaly gazanyldy.

Halkara foruma gatnaşyjylar ýurdumyzda häzirki zaman şertlerine uýgunlaşan kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça geçirilýän giň gerimli işlere ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerip, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň özeni bolan saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş derejesi boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýelejekdigine ynam bildirdiler.

Halkara ylmy maslahatyň işi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda — Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynda, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýünde, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde dowam etdi. Şolarda geçirilen bölümçeler boýunça maslahatlaryň mowzuklary “Ýokanç keseller”, “Ýokanç däl keseller”, “Enäniň we çaganyň saglygyny goramak”, “Hirurgiýa keselleri”, “Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa” diýlip atlandyryldy.

Şu gün dürli ugurlarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynda-da geçirildi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/57736/turkmenistanda-saglygy-gorayys-we-derman-senagaty-isgarlerinin-guni-bellenildi

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42