Mekdebimizde mugallymlaryň sapak geçisinden pursatlar
58 Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebimizde mugallymlaryň sapak geçisini bahalandyrmak we ondan görelde almak maksady bilen mugallymlaryň sapaklaryna gatnaşylýar. Mekdebimiziň mugallymlary sapaklary has täsirli, gyzykly, ýatda galyjy geçirmek maksady bilen sapakda geçilýän ders bilen baglanyşykly oýunlary gurnap, görkezme esbaplar bilen hem-de sapagyň mazmunyny açyk aýdyň düşündirýän slaýtlar bilen geçýär.Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň
hünärmeni M.Hojamedowa