Talyplarymyz mekdebimiziň guwanjy
54«Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili «Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda» Buýrugyny ýerine ýetirmek we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika, fizika we informatika dersleri boýunça ders bäsleşikleri geçirildi. Ders bäsleşigine ýurdumyzyň ähli orta hünär okuw mekdepleri gatnaşyp, mekdebimiziň "Maliýe we karz" hünäriniň II ýyl talyby Halyýewa Aýşat matematika dersinden III ýere, "Maliýe we karz" hünäriniň II ýyl talyby Duşemowa Aýgözel şeýle-de "Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary" hünäriniň II ýyl talyby Artykowa Sonagül fizika dersinden III ýere mynasyp boldylar we ýörite medal we diplom bilen sylaglandylar.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy
E.Orazowa