Mekdebimizde okuw-usuly maslahat geçirildi
17Mekdebimiziň mugallymy E.Orazowa halypa mugallymlaryň talyplar bilen yzygiderli tertip-düzgüni saklamak, millilige gabat gelmeýän hereketleri etmekden ägä etmek, köpçülikleýin üýşmeleňlere gatnaşmaga rugsat bermezlik, okuwdan boş wagtlary olaryň bizdüzgünçilikleri etmekden gaça durmaklary boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýtdy. Talyplara öýjükli telefonlardan we internet torundan ýerlikli peýdalanmak, olary diňe okuw maksatly ulanmalydygy barada aýdyp geçdi. Ýaşlary global internet çeşmelerindäki sosial torlardaky olaryň edep-terbiýesine ýaramaz täsir edýän audio-wideo we beýleki görnüşler arkaly berilýän maglumatlardan ägä etmek we olardan täsirlenip, millilige gabat gelmeýän hereketleri etmeli däldikleri barada yzygider düşündiriş işlerini geçirmeli. Mundan başga-da ol öz çykyşynda telefonlaryň we kompýuterleriň köp ulanylan ýagdaýynda jan saglyga hem zyýanlydygy dogrusynda durup geçdi.
Mugallym E.Orazowa ýurdumyzy gülledip ösdürmek, ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edip, çykyşyny jemledi.
Soňra, mekdebimiziň mugallymy B.Mýatdurdyýew öz çykyşynda bazar ykdysadyýeti şertlerine geçilýän döwürde mekdebiň şu okuw ýylynda okuwyny tamamlamaly 2-nji ýyl talyplaryna öz alýan hünärleri boýunça Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi mlsp.gov.tm web-saýtynda getirilen boş iş orunlary bilen yzygideli tanyşdyrylmalydygy, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň education.gov.tm resmi web saýtynda “Orta hünär okuw mekdepleriniň okuw işiniň hiliniň ölçegleri we görkezijileri” ady bilen onlaýn tertipde ýöredilýän programma maglumatlary wagtynda goýulmagyna berk gözegçilik edilmelidigi barada, talyplar bilen tertip-düzgüni saklamak, maşgala-durmuş meseleleri, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekleri barada usuly birleşmäniň mugallymlary tarapyndan ýygnaklaryň, halypa sagatlaryň yzygiderli geçirilmelidigi barada çykyş etdi.
Mekdebiniň direktory A.Amanow öz çykyşynda talyplaryň obýektiw bahalandyrylyşyny barlamak maksady bilen, saýlama görnüşinde test barlaglarynyň geçiriljekdigini belledi. Ýygnagyň ahyrynda mekdebiň direktory ýurdumyzy gülledip ösdürmek, ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uza, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.