Mekdebimizde terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi
32Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň we öz janyna kast etmeleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek hem-de Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde TMÝG-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Ş.Haýtjanowa, Daşoguz şäheriniň polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany A.Muhadowa, mekdebimiziň zenanlar guramysynyň başlygy L.Aýydowa, KA-nyň başlygy N.Weliýew, hem-de partiýa guramanyň başlygy B.Mýatdurdyýew dagylar çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzda hereket edýän Kanunlar dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bu günki gün ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, hünär öwrenmekleri, ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, çünki watansöýüji, ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridigini belläp, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini bellediler.
Ýygnagyň soňunda mekdebiň önümçilik tejribäniň ýolbaşçysy S.Allaberdiýew halkymyzyň bagtyýar, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdi.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy
K.Kulyýew