“Ýylyň halypa mugallymy”
57 2023-2024-nji ýylyň okuw ýylynda mekdebiň topar ýolbaşçylarynyň işine baha bermek, halypaçylyk kärine başarjaňlylygyny ýokarlandyrmak, toparyň talyplarynyň okuwa ýetişigini, dürli derejelerdäki bäsleşiklere, oýlap tapyşlara bolan höwesini, ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamaga goşýan goşandyny artdyrmak maksady bilen, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi tarapyndan mekdebiň halypa mugallymlarynyň arasynda yglan edilen “Ýylyň halypa mugallymy” atly reýting bäsleşiginiň jemleri 2024-nji ýylyň 13-nji iýunynda jemlendi, bu bäsleşiklerde tutuş ýylyň dowamynda ýokary netijeleri görkezen, mekdebiň “Maliýe we karz” hünäriniň 203-nji toparynyň halypa mugallymy Hudaýkulyýew Rejepgeldi “Ýylyň halypa mugallymy” adyna mynasyp boldy we hormat haty bilen sylaglanyldy.