Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni
118 Şu günler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzda maslahatlar, sergiler, duşuşyklary we beýleki baýramçylyk dabaralary yzygiderli geçirilýär. 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Daşoguz şäher döwlet edaralarynyň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Bibigül Amanownanyň we mekdebiň ilkinji Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Nurýagdy Weliýewiň guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat geçirildi. Bu maslahatda mekdebiň mugallymlary Begmyrat Mýatdurdyýew we Ýadygär Sapargeldiýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döreýiş taryhy, onuň reňkleriniň we nyşanlarynyň manysy barada gürrüň berdiler. Çärede adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynda milli döwletlilik ýörelgeleriniň, halk demokratiýasynyň we ählumumy demokratik kadalaryň jemlenendigi barada nygtaldy.