Döwlet bäsleşiginiň netijeleri

120
2024-nji ýylyň 1-2-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň  talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiginiň netijeleri belli boldy. Bu bäsleşikde Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi ýokary netijeleri gazandy. Bu bäsleşikde “Türkmenistanyň taryhy” dersinden mekdebiň I ýyl talyby Guwanç Çerkezmyradowiç Mädalyýew I orna, “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça mekdebiň II ýyl talyby Akjagül Karadžaýewa II orna, “Türkmenistanyň kanunçylygy” dersinden mekdebiň II ýyl talyplary Merjen Merdanowna Ataýewa  II orna, Gülnur Azadowa we Mahira Bahadirowna Kutlymuradowa III orunlara, “Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş” dersinden mekdebiň I ýyl talyby Mukaddas Zafarowna Abdrazakowa we mekdebiň II ýyl talyby  Meret Şadurdyýewiç Halykow III orunlara, “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy” dersinden mekdebiň II ýyl talyby Daýanç Dowletmyradowiç Artykow III orna mynasyp boldylar. Mekdebiň mugallymy Ýadygär Maksadowiç Sapargeldiýew “Türkmenistanyň taryhy” dersinden taýýarlan talybynyň I orun eýeläp, ýeňiji bolandygy üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda biziň mekdebimiz jemi 1 sany I orun, 2 sany II oruna, 5 sany III oruna mynasyp bolup, ýurdumyzyň ähli orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bäsleşikde IV ýer aldy. Mekdebiň abraýyny artdyrmakda ýadawsyz zähmet çekýän mugallymlarymyza, ýiti zehinli talyplarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris. Indiki ýyllarda mundan hem ýokary netijeleri gazanmagyňyzy arzuw edýäris!

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42