“Online karzlaryň görnüşleri we internet-banking hyzmatlary barada” atly okuw maslahaty
992024-nji ýylyň 03-nji maýynda mekdebimiziň mejlisler zalynda welaýatymyzda ýerleşýän bank edaralarynyň hünärmenleri mekdebimiziň talyp ýaşlaryna “Online karzlaryň görnüşleri we internet-banking hyzmatlary barada” atly okuw maslahatyny geçdiler. Bu okuw maslahatynda talyplara nädip onlaýn tertipde bankdan karz almalydygy, ýaşlary goldamak üçin Türkmenistanyň “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryna hödürlenýän maksatlaýyn bilim karz pulyny almak üçin bankyň resmi web-saýty arkaly ýüzlenmäni doldurmagyň tertibi, “Internet-bank” hyzmatynyň amatly taraplary barada maglumatlar berildi. Bu okuw maslahaty gaty täsirli geçdi. Okuw sapagynda talyp ýaşlar banklaryň hünärmenleri bilen “Internet-bank” hyzmaty barada sorag-jogap alyşyp, öz bilimlerini artdyrdylar.