AGZYBIRLIK BAGTY

190
     Ýakynda ähli halkymyz agzybirlikde ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belläp geçdi. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda toý-dabaralar goşalanyp gelýär. Garaşsyzlyk toýumyz ýurdumyzyň dürli künjeginde, merjen paýtagtymyz Aşgabatda açylyş hem-de aýdym-sazly medeni dabaralaryň şatlygy bilen utgaşdy. Şanly sene mynasybetli zähmetde tapawutlanan, ata Watanymyzyň üstünliklerine mynasyp goşant goşan ildeşlerimiziň ençemesi sylaglanyp, olara hormatly atlar dakyldy. Aýratyn hem, 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy ähli halkymyzyň toý şatlygyny, ýürek buýsanjyny goşalandyran taryhy ähmiýetli waka boldy. 
     Bu günki gün eziz Diýarymyzyň şöhratly ösüşlerine göz aýlanyňda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň, taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijelerini görmek bolýar. Şeýle belent maksatly işlerde bolsa bagtyýar raýatlarymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmekden gözbaş alynýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuňňur manyly çykyşynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir» diýip bellemegi ähli halkymyzy agzybirlikde ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşleriniň hatyrasyna yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. 
     Halkymyzyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy ugrunda belent maksatlary amal edýän, ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris! 
Selbi ÝAGMYROWA, 
Daşoguz welaýatynyň maliýe-ykdysady 
orta hünär mekdebiniň mugallymy
12.10.2023ý. Aşgabat gazeti

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42