Sanly ulgam —ösüşleriň girewi

322
     «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek üçin meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň bilim ulgamynda hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. 
     Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde taýýarlanylan sanly bilim portalynda elektron kitaphana gory yzygiderli baýlaşdyrylýar, dersler boýunça işlenip taýýarlanan döwrebap elektron okuw usuly toplumlar köpeldilýär. Täze maglumatlar bilen başlangyç elektron maglumat gorunyň üstüni ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Mugallymlar tarapyndan taýýarlanan okuw gollanmalarydyr kitaplary sanly görnüşde mekdebimiziň elektron kitaphanasynda ýerleşdirilýär. Şeýle-de mekdebiň binýadynda sanly tehnologiýalaryň, internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, welaýatymyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklarynyň we wideoşekilli maslahatlaryň guralmagy mekdebimizde bilim alýan talyplaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, ukyplaryny hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýan talyplaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy gözöňünde tutulyp, mekdebimizde «Häzirki zaman kompýuter» dersinden gysga möhletli okuwlaryň guralmagy bu işleriň netijeli boljakdygyny aňladýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmak hem möhümdir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda, okaýanlara we olaryň ata-enelerine elektron bilim hyzmatlary (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron gatnaşyk we beýlekiler) edilýär we has-da kämilleşdirmek maksat edinilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryndan, kämil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenleriň kemala gelmegi jemgyýetimizi hemme taraplaýyn ösdürmegiň, onuň intellektual derejesini ýokarlandyrmagyň girewidir. 
Serdar KURBANOW
welaýat maliýe-ykdysady orta 
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Daşoguz habarlary gazeti
2023-nji ýylyň 27-nji apreli

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42