Kämil hünärmenler watanyň geljegidir

292
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň gerimi has-da giňeýär. «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde geçiren «Kämil hünärmenler Watanyň geljegidir» atly maslahatynda bular barada buýsançly gürrüň edildi.
     TKA-nyň welaýat birleşmesiniň kiçi mejlisler zalynda geçirilen maslahatda «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Döwletnazar Işangulyýew, saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň hasapçysy Gülälek Saparowa, «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Parahat Agylbaýew, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby Bossan Kakajanowa, «Daşoguztaslama» taslama institutynyň binagäri Serdar Saparow, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Annabeg Aşyrowa dagy çykyş edip, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde ýaşlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin birnäçe mümkinçilikleriň we ýeňillikleriň göz öňünde tutulandygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda dürli ugurlarda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlaryň halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize aýdýan alkyşly sözleriniň göwünlere ganat berýändigi bellenildi.

Aşyrowa Annabeg,
Mekdebiň “Maliýe we karz”
hünäriniň I ýyl talyby.
“Daşoguz habarlary” gazeti.
30.03.2023-nji ýyl

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42