KÖNEÜRGENÇ ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA GEZELENÇ

226
KÖNEÜRGENÇ ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA GEZELENÇ
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda geçmiş taryhymyza, milli mirasymyza uly sarpa goýulýar. Geçmişi taryhy öwrenmek, gyzykly maglumatlary bilmek we arheologik barlaglaryň netijesinde açylan açyşlar bilen gyzyklanmak biziň her birimiz üçin juda gyzykly we täsirlidir. Taryhy ýadygärlikler toplumyna baryp görmek, onuň binalarynyň, galalarynyň gurluşyny, täsirliligini, özbolulyşlygyny öwrenmek üçin ata Watanymyzda giň mümkinçilikler döredilendir.
     Beýleki welaýatlar bilen bir hatarda biziň Daşoguz welaýatymyzyň dürli künjeklerinde hem taryhy ýadygärkleriň birnäçe toplumy bardyr. Bar bolan ýadygärlikler häzirki döwürde bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Olaryň iň esasy dünýä bellileriniň biri hem Köneürgenç ýadygärlikler toplumy. Welaýatymyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýän Köneürgenç özüniň taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen dünýä tanalýar. Bu ýeriniň binagärlikler toplumy özboluşlulygy we aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Aýratyn bellemeli zadymyz – bu ýerde ýerleşýän Gutlug Temuryň ady bilen baglanyşykly minara  öz döwründe merkezi Aziýada iň belent minara hasaplanylypdyr. Bu ýere syýahata gelen syýahatçylardyr jahankeşdeler türkmen halkynyň el hünärleri, zergärçiligi bilen gyzyklanýarlar. Bu ýere ýylyň islendik paslynda gezelenç etmäge gelen her bir adama bu ýeriniň taryhy wakalary, binagärlikleri, muzeýde ýerleşen gymmatlyklary uly gyzyklanma döredýär. 
     Galyberse-de bu ýere diňe bir syýahatçylar däl-de eýsem talyp ýaşlar hem öz mugallymlary bilen gelip gezelenç edip gyzykly maglumatlary öwrenýärler. Welaýatymyzda ýerleşýän Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary hem bu ýere uly gyzyklanma bilen gezelenç etmäge geldiler. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar bu ýeriniň taryhy bilen giňden tanyşdylar we hünärmenleriň beren gyzykly, täsirli gürrüňlerini höwes bilen diňlediler. Bu ýerdäki taryhy ýadygärlikler, geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň ýaşap geçen ýerleri, muzeýde ýerleşen arheologik tapyndylar talyplarda uly täsir galdyrdy.
     Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Nurýagdy Weliýew Türkmen halkynyň şanly geçmişine, taryhyna ser salanymyzda Köneürgenç beýik ýüpek ýolunyň iň uly şäherleriniň biri bolmak bilen Demirgazyk Horezmiň gadymy paýtagty hasaplanylýar. XIII asyryň ortalarynda şäher Buharadan soň ikinji uly şäherleriň biri hasaplanylypdyr. Taryha ser salanymyzda Köneürgenç şäheri 1221-nji ýylda “Yslamyň ýüregi” diýip hem atlandyrylýar. Köneürgenç türkmen halkynyň taryhlarynyň ajaýyp dürdänesi hasaplanylýar. Onuň binagärlik ajaýyplyklary Yslam däp-dessurlarynyň ählisini, binagärlik usullarynyň gaýtalanmajak sazlaşygyny, çeperçilik aýratynlygyny, gurluşyny, gümmezleriniň seýrek duş gelýän görnüşlerini hem-de reňkleriniň durulygyny özünde jemleýär. Gündogar binagärçiligiň ajaýyp nusgasy türkmen halkynyň döredijilikli zehininiň şaýady bolmak bilen onuň adamzat ösüşiniň taryhynda baş orny tutýar. Köneürgenjiň ajaýyp binalar toplumynda taryhy öwreniji alymlar şeýle bir zady belläp geçýär: “ Törebeg hanymyň kümmetini şeýle bir ajaýyp diýip atlandyrylmagy onda monumentuallyk binagärliginde nepislik onuň kämil binagälik şekilini ajaýyp bezegiň özboluşlylygyny sazlaýar. Daşyndan oýma görnüşinde owadan bezelmegi içinden mozaika bilen bezelen 100 inedördül metr töweregi meýdany eýeleýän açyk ýagtylygy bilen üýtgeşik owadanlygyny görkezýär. Gümmeziň içki bezegi ýyldyzlaryň, gülleriň nusgalary bilen inçeden bezelen nagyşlar mozaika nakgaşlygynyň ajaýyp syrlarynyň biri hasaplanylýar. XII – XIII asyryň başlarynda merkezi Aziýa şäherleriniň köpüsinde ilat sanynyň köplügi boýunça meşhurlyk gazanýar. Köneürgenç gülläp ösen döwletleriniň biri hasaplanmak bilen hem taryhda bellenilip geçilýär. 
     Ine biz hem şu gün ülkämiziň Daşguz welaýat maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň talyplary bilen syýahata geldik. Bu ýeriniň işgärleri bize köneürgenjiň geçmişdäki beýik nakgaşlyk sungatlary onuň gülläp ösen döwürleri barada bize hem-de talyplara guňişleýin maglumatlary berdiler. Bize şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama üstünliklere beslensin!
     Soňra Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Annabeg Aşyrowa Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bize geçmiş taryhymyzy, millli mirasymyzy öwrenmäge, ata-babalarymyzyň nahili şertlerde ýaşap, nahili ýeňişlere, üstünliklere ýetendigini öwrenmäge ähli şertler döredilip berlendir. Biz hem şol döredilip berlen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp bu gün welaýatymyzyň Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary bilen bilelikde Köneürgenç ýadygärlikler toplumyna gezelenç etmäge geldik. Bu ýerde ählimize belli bolşy ýaly dünýä ýaň salan köneürgenç türkmen döwletinde ýaşap geçen beýikleriň ýagny, Nejmeddin Kubranyň, Törebeg hanymyň, Gutlug Temuryň ýadygärlikleri bardyr. Biz şu ýadygärliklere aýlandyk, syýahat etdik. Köneürgenç döwleti gadym döwürde iň gülläp ösen döwletleriň biri bolupdyr. Köneürgenjiň halkyny, olaryň söweşjeňligini, edermenligi taryhda ýaşap geçen birnäçe taryhçylar belläp geçipdir. Köneürgenç barada, Köneürgenjiň halky barada Al Mukaddesi şeýle belläp geçýär: “Köneürgenjiň halkynyň adamkärçiligine, olaryň söweşde batyrgaýlygyna deň geljek halk ýokdur”. Mundan başga-da Köneürgenjiň halkynyň söweşjeňligi, edermenligi barada awtory näbelli bolan “Hududul-älem” eserinde bellenilip geçilýär. 
     Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän, okamaga, öwrenmäge, geçmiş taryhymyz, milli mirasymyz barada has giňişleýin öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Annabeg Aşyrowa
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady 
orta hünär okuw mekdebiniň I ýyl talyby 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42