Milli gymmatlyklara sarpa
239Milli gymmatlyklara sarpa
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygy mynasybetli ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlilik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, milli medeniýetimize bolan çäksiz sarpalaryny artdyrmak maksady bilen “Milli gymmatlyklara sarpa” ady bilen KA-nyň ilkinji guramasynyň agzalary we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresini geçirildi.
Çärede Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktoryň orunbasary Taganow Rejepnazar öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döw¬rün¬de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar. Ýurdumyzyň her bir güni guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp za-manada Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşdir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny wagyz etmekde hem uly işler alnyp barylýar.
Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar diýip belläp geçdi we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň milli medeniýetimiz ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallarynda şeýle-de ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli beýik işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Saparow Hanbaý öz çykyşynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar. Şol mejlisiň jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan bu çözgüt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň, şol sanda umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen TÜRKSOÝ guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Çäräniň dowamynda Döwlet edaralary işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlyklarynyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa öz çykyşynda talyplara maşgalany goramakda, maşgala gatnaşyklaryny üpjün etmekde, alnyp barylýan işler, gyz-gelinleriň edep ekramy, ahlak arassalygy, maşgala mukaddesligi, şeýlede sagdyn durmuş kadalary hakynda söz açylyp, şonuň bilen baglanyşykly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.
Şeýlelikde, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine halkara derejede taýýarlyk görmegiň çäklerindäki wakalar meşhur söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklaýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdi we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň milli medeniýetimiz ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallarynda uly üstünlikler arzuw etdi.
Soňra Daşoguz welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa öz çykyşynda XVIII asyrdan bäri türkmeniň ruhy ganaty we şamçyragy bolup gelýän beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik temasy köp taraplaýyndyr. Magtymgulynyň goşgularyny okap her bir okyjy durmuşda gabat gelýän iň çylşyrymly ýollardan baş alyp çykmaklyga aýdyň ýollaryny tapýandyr.Akyldar gelin-gyzlara örän uly hormat goýýar. Akyldar şahyryň umman ýaly giň we çuň manyly,köptaraplaýyn döredijiliginde türkmen halkynyň durmuşy,däp-dessurlary bilen birlikde gelin-gyzlaryň mertebesi,gylyk-häsiýetleri,edep-ekramy,görk-görmegi bilen baglanyşykly ençeme şygyrlary döredipdir. Ol zenanlaryň maşgala, durmuşda, jemgyýetde tutýan uly orny baradaky pikirleri öňe sürüpdir. Şahyr:
Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa-
diýmek bilen, gelin-gyzlary maşgalanyň görki, durmuşyň bezegi hasaplaýar. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň şygrynda:
Menem diýen goç ýigide,
Bir mynasyp ýar gerekdir ─
diýen. Beýik akyldar şahyr aýal-gyzlaryň durmuşdaky ornuna hem örän ýokary baha beripdir diýip sözüni tamamlaýar we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyza alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw edýär.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Mýatdurdyýew Begmyrat bolsa öz çykyşynda Magtymgulynyň goşgularyny okap her bir okyjy durmuşda gabat gelýän iň çylşyrymly ýollardan baş alyp çykmaklyga aýdyň ýollaryny tapýandyr. Akyldar gelin-gyzlara örän uly hormat goýýar. Akyldar şahyryň umman ýaly giň we çuň manyly,köptaraplaýyn döredijiliginde türkmen halkynyň durmuşy,däp-dessurlary bilen birlikde gelin-gyzlaryň mertebesi,gylyk-häsiýetleri,edep-ekramy,görk-görmegi bilen baglanyşykly ençeme şygyrlary döredipdir. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine halkara derejede taýýarlyk görmegiň çäklerindäki wakalar meşhur söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklaýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdi we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işlerinde mundan beýläkde uly-uly üstünlikler arzuw etdi.
Abdy Hangeldiýew
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy