Ýaşlar biziň geljegimizdir
238 Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde mugallymlardyr talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Ýaşlar biziň geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatda döwlet edaralary işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Abdy Hangeldiýew, şu mekdebiň mugallymy Begmyrat Mýatdurdyýew dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda Garaşsyz Watanymyzda ýaşlar baradaky aladanyň elmydama üns merkezinde durýandygy, ýaşlary watansöýüji, belent ahlakly edip terbiýelemekde öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almakda, öz hünärleriniň ussady bolup ýetişmekde bildirilýän ynamy ödemek ugrunda netijeli zähmet çekjekdiklerini bellediler, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem ýaşlarymyza uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Abdy Hangeldiýew,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebi
Daşoguz habarlary gazeti,
2023-nji ýylyň 30-njy ýanwary