Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi

167
     2023-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Aşgabadyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurduň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar.
     Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň toplumy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini we döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 
Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkyň baý taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berilýär.
     Nobatdaky gurultaýa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar ýaşlar barada edilýän hemişelik alada üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, döredijilik gözlegleriniň, netijeli çözgütleriň we täzeçil çemeleşmeleriň ýaş nesilleriň işinde esasy ýörelgeleriň boljakdygyny, Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, onuň welaýat, etrap we şäher bölümleriniň öňdebaryjylarynyň — ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň öz güýçlerini, bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.
     Şeýle-de gurultaýyň dowamynda guramanyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Olara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan şa serpaýlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinden gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
     Günüň ikinji ýarymynda şanly waka mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýaşlaryň döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň gatnaşmagynda uly konsert boldy. Ýurdumyzyň Hökümet agzalary, Aşgabatdaky diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bu döredijilik çäresiniň hormatly myhmanlary boldular.
     Konsertde halk aýdym-sazlary bilen birlikde häzirki zaman meşhur aýdymlar, tans kompozisiýalary ýerine ýetirildi. Konsert maksatnamasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden we beýik özgertmeler eýýamynyň nyşanyna öwrülen “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym bilen jemlendi.

Yhlas Sopyýew
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady 
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42