Döwrüň derwaýys wezipesi
169 Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli ykdysady taslamalarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Täze önümçilik binalary gurlanda, ozalky bar bolan desgalaryň durky täzelenilende, kämil tehnologiýalary ulanmak arkaly tebigata ýetýän zyýanyň öňi alynýar. Bu günki gün esasy mesele bolup durýan howanyň üýtgemegi bilen bagly ýersuw serişdelerini rejeli peýdalanmak maksatlarynda hem ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilýär.
Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, geljekki nesillerimize tebigy baýlyklarymyzy has gözel görnüşde ýetirmek hem-de bu ugurda sebitleýin we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, ýurdumyzda oýlanyşykly döwlet ekologiýa syýasaty alnyp barylýar. Adamlaryň saglygy belli bir derejede tebigatyň arassalygyna baglydyr. Daşky gurşawa ýetirilen sähelçe zyýanyň ýaşaýşa näderejede ýaramaz täsir edýändigi hemmämize mälim. Çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny we biodürlüligi goramak ýaly ekologiýa meseleleriniň çözülmegi babatda «Altyn asyr» Türkmen köli hem aýratyn bellenmäge mynasyp. Çünki bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagynda, olaryň guraklaşmagy we şorlaşmagy boýunça meseleleriň çözülmeginde, Garagum sährasynda göçüp-gonýan guşlar üçin has oňaýly şertleri üpjün etmekde, balykçylygy we maldarçylygy ösdürmekde diňe ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebit möçberinde örän uly ähmiýeti bar.
Sahawatly topragymyzyň derde derman suwy, ösümlik, haýwanat dünýäsi, sähra-çöli, dagy, deňzi, derýasy biziň milli baýlygymyz bolup, guwanjymyz hem buýsanjymyzdyr. Daş-töweregimizi gurşap alýan tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak, tygşytly peýdalanmak, ýurdumyzyň gözel tebigatyny geljekki nesiller üçin aýap saklamak her bir adamyň borjudyr.
Mekan ÝEGENOW,
welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.
Daşoguz habarlary gazeti.
2022-nji ýylyň 8-nji dekabry