SANLY YKDYSADYÝET: DÖWREBAP ÖZGERTMELER, OŇYN ÖSÜŞLER
322SANLY YKDYSADYÝET: DÖWREBAP ÖZGERTMELER, OŇYN ÖSÜŞLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň gazanýan ýokary ösüş sepgitleriniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa eýlenen döwletli başlangyçlary, öňe süren üstünlikli durmuş-ykdysady maksatnamalary durýar. Ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna we oýlanyşykly döwlet syýasatyna laýyklykda dünýäniň ösen tejribesini hem-de öňegidişliklerini nazara alyp, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazaryýet bilimlerine we öňde baryjy ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Muny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň dabaraly bellenilýän günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda Arkadagly Serdarymyz özüniň çuňmany-mazmuna ýugrulan çykyşynda aýratyn nygtady. Çünki hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe maliýe-bank işiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Ilatyň we halk hojalygynyň pudaklarynyň maliýe -bank ulgamynyň hyzmatlaryna bolan ösen isleglerini ýokary hilli we gysga wagtda kanagatlandyrmak möhüm ähmiýete eýedir.
Sanly dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagy diňe bir kagyz resminamalary taýýarlamaga däl, eýsem olary ýerine ýetirmäge sarp edilýän wagty tygşytlamagyň hem netijeli guraly bolup durýar. Munuň özi gönüden-göni ykdysady bähbitleri hem-de döwlet düzümleriniň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, hormatly Prezidentimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna häzirki zaman elektron dolanşygynyň ornaşdyrylmagy ugrunda berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, resminamalaryň dürli ugurlar boýunça elektron hereketini üpjün etmekde tagallalar edilýär. Olaryň hatarynda göni monitorda resminamalar elektron esasda gol goýmaga, tabşyryk bermäge ýa-da olary ykjam telefonlaryň üsti bilen ugratmaga mümkinçilik döredilendir.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem «Ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan fiziki we ýuridik şahslara hödürlenýän elektron görnüşdäki hyzmatlary Döwlet hyzmatlar portalyna tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň we taslamalary durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy» tassyklanyp, portala maglumatlary ýerleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan «Bilermen» onlaýn okuw ulgamy hem-de ministrligiň «Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň «bilim.gov.tm» elektron saýty döredildi. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda başybaşlanan oňyn özgertmeler halk hojalygynyň ähli pudaklarynda özgerimini giňeltmek bilen, berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş abadançylygyny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanlylaşdyrmagy ýokarlandyrmak, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryny dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna ýetirmekde durmuşa geçirilýän işler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşlerinde öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.
Daşoguz habarlary gazeti 2022-nji ýylyň 13-nji oktýabry
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige
Selbi ÝAGMYROWA, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy, mekdebiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.