Milli Matam güni-Hatyra güni
976 Milli Matam güni-Hatyra güni
Altynjy oktýabr - gussaly sene
Hatyra günibelleýäs ýene
Ornaşdyň müdimi hakyda siňe
Milli Matam güni - Hatyra güni
Aýylganç wakanyň pidasy bolan
Niçe gat topraklaň astynda galan
Taryhyň,paýtagtyň gatyna siňen
Milli Matam güni - Hatyra güni
Gamlanýas,gynanýas tutuş il bolup
Akýar gözýaşlarmyz uly sil bolup
Bütin halk ýatlaýar tirsege galyp
Milli Matam güni - Hatyra güni
Mert bol ene, ak basmasyn saçyňy
Dik tut seriň, aşak salma başyňy
Aglamagyn, süpür ol gözyaşyňy
Milli Matam güni - Hatyra güni
Gam-gussalar bilen ýürek taplanyp
Wepat bolan doganlarmyz ýatlanyp
Joşýar şahyr ýürek güýçli batlanyp
Milli Matam güni - Hatyra güni
Ata Watan, eziz Diýar, ýurt binýat
Şehitlermiz tutulýandyr mydam ýat
Hakydaň gatynda öçmejek bir a:t
Milli Matam güni - Hatyra güni
Milli Matam güni - Hakyda güni
Ataýewa Merjen Merdanowna
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň
"Buhgalterçilik hasaba alnyşy" hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
1948-NJI ÝYLDA WEPAT BOLAN DOGANLARYMA
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde,
Aýylganç bir waka ýeriň ýüzünde,
Nijemeler heläk boldy şol günde,
Ahh, türkmen doganlar, türkmen doganlar.
Sowaşmandy kyrk bir-kyrk bäşiň ahy,
Ýüreklerde agyr hasratyň dagy,
Ne diwar, ne bina, ne abat gapy,
Kesek asty galan türkmen doganlar.
Tozana garyldy asmanyň ýüzi,
Pajygaly boldy şol ýylyň güýzi,
Sarsdyrdy Ahaly, sährany, düzi,
Mele ýere siňen, eziz doganlar.
Az wagtda paýtagty weýrana saldy,
Ajy nala hasrat Asmana galdy,
Bu neneňsi kysmat, agyr ahwaldy,
Bimahal dünýäden öten doganlar.
Aşyrowa Annabeg
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň
"Maliýe we karz" hünäriniň 1-nji ýyl talyby.