“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy”
338"Daşoguz welaýat maliýe - ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça talyplaryň arasynda maslahat geçirildi."
Daşoguz şäher Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiliginiň wagyz nesihat - işleri boýunça uly gözegçisi polisiýanyň kapitany D.Abdyrahymow Hormatly Prezidentimiziň adamlaryň saglygyny goramak baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny we döwletimiziň bu babatda ähli tagallalary edýändigini mydama nygtaýar. Ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça gündelik düşündiriş we öňüni alyş işleri içeri işler edaralarynyň işiniň iň möhüm böleklerinden biridir. Eýsem-de bolsa, bu işiň güýçlendirilmeginiň edaralarda, ýurduň bilim edaralarynda tomus dynç alyş möwsüminden soňra güýzüň ilkinji günlerine düşýändigi tötänden däldir. Hut şu döwürde ýol howpsuzlygy çärelerini işjeňleşdirmegi tomus dynç alyş möwsüminden soň pyýadalaryň ünsüni ýol hereketiniň howpsuzlygy kadalaryna güýçlendirmegi gazanmakdan ybaratdyr.
Maslahatyň dowamynda Daşoguz şäher kazyýetiniň başlygy B.Ýazmyradow: Çäreleriň meýilnamalaryna laýyklykda, şu günler ähli döwlet edaralarynda, umumy bilim berýän mekdeplerde we çagalar baglarynda içeri işler ministrliginiň işgärleri ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjilerdir pyýadalaryň sowatlylyk derejesini we jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýörite wagyz-nesihat işleri guraýarlar.
Soňra Daşoguz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsyzlygy bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi içerki gullugyň uly leýtenanty S.Arazberdiýew: Hemmämize mälim bolşy ýaly, watanymymyzyň dürli künjeklerinde täze we döwriň talabyna laýyk gelýän ýollardyr şaýollary yzygiderli gurulýar we halkymyza ulanylmaga berilýär. Şeýle hem ýollaryň ugrunda ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan duralgalar, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, ýolyşyklar we beýleki degişli belgiler goýulýar. Awtoulaglaryň köpelmegi we ulag gatnawlarynyň artmagy netijesinde köçelerde, ýollarda sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň has ünsli bolmagyny talap edýär. Ýurdumyzda bu biraýlyga bagyşlanyp wagyz nesihat çäreleri, köp sanly wagyz nesihat duşuşyklary geçirilýär. Her bir raýatyň ýol hereketindäki şahsy jogapkärçiliginiň bolmalydygy we ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri baradaky maglumatlar bu bir aýlyga bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň ählisiniň özeni bolup durýar. Bu çäräniň geçirilmegi raýatlaryň howpsuzlygyny, halkymyzyň asuda we parahat ýaşamagy üçin wajyp ähmiýete eýe bolup durýar.
Maslahatyň jemini Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy N.Weliýew: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzda ilatyň saglygyny we asuda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen ençeme işler durmuşa geçirilýär. Ýagny, mälim bolşy ýaly her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäräniň geçirilmegi munuň aýdyň suwutnamasydyr. Bu biraýlyk çäräniň dowamynda ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ýurdumyzda ähli ilatyň saglygyny, ýurt abadançylygyny goramak maksady bilen bu çärä bagyşlanyp ýurdumyzyň ähli künjeklerinde wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.