Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi
264Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy.
Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin paýtagtymyz Aşgabat şäherine geldiler.
Altynjy Hazar sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen duşuşdy.
Şeýle hem Gazagystanyň Lideri şu duşuşygyň Türkmenistanyň ajaýyp döwlet işgäri Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň doglan güni bilen gabat gelendigini belledi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady we ony Gazagystan Respublikasynyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglady.
Ýigrimi ýyl mundan ozal, 2002-nji ýylda hut Aşgabatda birinji Hazar sammiti geçirildi. Bu sammit uzak möhletli geljek üçin netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge badalga boldy. Ýokary derejedäki şu duşuşygy geçirmek başlangyjyny hem Türkmenistan öňe sürdi. Bu teklip 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitiniň barşynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýan edildi.
Şonuň bilen birlikde, Hazarda hyzmatdaşlyk boýunça pudaklaýyn ylalaşyklaryň ençemesiniň üstünde işlenildi we bu iş dowam etdirilýär. Bularyň ählisi häzirki wagtda biziň gatnaşyklarymyzyň hil taýdan anyk häsiýete eýe bolmagyna, maksadalaýyk, yzygiderli we netijeli ösmegine ýardam etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ulgam köptaraplydyr we ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, önümçilik taýdan ýakynlaşmak ýaly ulgamlary hem-de beýleki köp ugurlary öz içine alýar. Bu babatda hyzmatdaşlygyň geljegi uly, täze görnüşi — Hazar ykdysady forumyny döretmek hakyndaky çözgüt uly ähmiýete eýedir. Hazar sebitiniň ykdysady we üstaşyr ulag kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň, şol sanda täze halkara bazarlara çykmagyň, hereket edýän hem-de geljegi uly ugurlary ösdürmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.
Hazar sebitinde milli deňiz portlaryny ösdürmegiň Strategiýasy kabul edildi we durmuşa geçirilýär. Şeýle hem 2030-njy ýyla çenli oňa demir ýol we awtomobil ugurlary birikdiriler. Hazarda degişli düzümiň gerimi giňeldilýär. Ykdysady ugurdan başga-da, bäş döwletiň arasynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, Hazar deňzini, onuň tebigy serişdelerini saklamak meseleleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmegiň yzygiderliligi kanagatlanma bilen bellenildi.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64477/asgabatda-altynjy-hazar-sammiti-gecirildi