Gelin-gyzlarymyzyň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
303Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Maslahatlar merkezinde Ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň meselelerine bagyşlap geçirilen maslahaty boýunça hem-de Türkmen gelin-gyzlaryň we ýaşlaryň arasynda Türkmeniň Milli däp-dessurlaryny, maşgala mukaddesligini saklamak boýunça gelin-gyzlarymyzyň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Ýygnagy Nazarowa Almagül - Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty açdy. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Maslahatlar merkezinde Ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň meselelerine bagyşlap geçirilen maslahaty boýunça çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada uly buýsanç bilen belledi. Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlar watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý mertebesi hem-de beýik gelejegidir” diýip ýaşlara bildirilýän ynamyň has-da uludygy barada belläp geçdi. Halkymyzyň geçmişiniň ençeme şan-şöhratly sahypalaryny özünde jemleýän gymmatlyklarymyz aýalyp, arzylanyp saklanyp, bagtyýarlyk döwrümize nur bolup şugla saçýar diýip öz çykyşynda belläp geçdi we ýygnaga gatnaşýan myhmanlar bilen tanyşdyryp ýygnagy dowam etdirdi.
Nazarowa Güljemal – Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni. Türkmen maşgalasynyň terbiýesiniň gözbaşynda ata babalarymyzdan galan mertlik, namysjaňlyk, ene mamalarymyzdan nesile-nesilden geçip gelýän edeplilik mylaýymlyk wepalylyk bolup durýar. Maşgala türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýar. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet şonça-da hemmetaraplaýyn baý bolýar. Adam jemgyýetimiziň baş gymmatlygydyr diýen ýörelgesinden ugur alynýan Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzda ata-enäniň çagalaryň hukuklaryny goramaga uly üns berilýär. Jemgyýetimizdäki dürli gatnaşyklary düzgünleşdirýän täze kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi, hukuk döwletini berkarar etmek adamyň hukuklarynyň we azatlyklaryny goramak hem-de häzirki zaman kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýaly wezipelerden ybarat bolan maksatlara ýetmegiň ugrunda alynyp barylýan işleriň hukuk binýadyny berkidýär diýip belleýär.
Zenanlar ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda çekýän yhlasly zähmeti bilen watanymyzyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk we halklaryň dost-doganlygy ugrunda alynyp barylýan ugrunda alynyp barylýan işlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asudalyk, agraslylyk, edeplilik ýaly endiklerini gülden näzik gyzlaryň aňyna ýaşlykdan guýmalydyr. Ene-mamalarymyzdan galan milli däp - dessurlarymyzy geljekki nesiller öwretmek, eli hünärli etmek bize enelerimiz nusgalyk mekdep bolup durýar diýip nygtady.
Mamedowa Çynar - Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäheriniň guramaçylyk bölüminiň müdiri. Zenan ýaşaýşyň dowamy, maşgala ojagynyň daýanjydyr, ähli gözellikleriň seresidir. Görüm-göreldäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe bir sözleri bilen däl eýsem özleriniň asylly hereketleri gylyk häsiýetleri bilen hem nusgadyr. Türkmen zenanynyň öz balasyny çagalyk, ýetginjeklik ýaşlyk döwürlerinde terbiýeleýşi özboluşly mekdepdir. Olaryň asylly zähmeti kämil nesili terbiýeläp ýetişdirmekdäki göreldeli işleri döwlet tarapyndan sylag hormata, abraý-mertebä, mynasyp görülýär. Gelin-gyzlarymyzyň edep-terbiýesine kybapdaş gelýän olaryň boýuny bezeýän egin-eşigi, şaý-sepleri özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, dünýä halklaryň arasynda öz milliligimizi buýsandyrýar. Durmuşda dürli edim-gylymly maşgaladan çykan dürli häsiýetli gyzlara gabat gelýäris.
Hallyýewa Jennet - Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap komitetiniň jogapkär işgäri. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda, aýratyn hem geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn bedenli, synmaz ruhly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär.
Biz muňa oba, şäher, kentlerimiziň gözelligine gözellik goşup oturan sport toplumlarydyr desgalaryna hem-de sport mekdeplerine nazarymyz düşende hem aýdyň göz ýetirýäris. Döwrebap gurlan bu sport mekdepleri, desgalary we olaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy halkymyzyň sporta bolan islegini günsaýyn artdyrýar. Halkara sport guramalaryndan iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça yzygiderli gelip gowuşýan teklipler hem, dünýäde ata Watanymyzyň sport ýurdy hökmünde abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi.
Pudakowa Nurana - Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Türkmen zenanynyň öz balasyny çagalyk, ýetginjeklik ýaşlyk döwürlerinde terbiýeleýşi özboluşly mekdepdir. Gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asudalyk, agraslylyk, edeplilik ýaly endiklerini gülden näzik gyzlaryň aňyna ýaşlykdan guýmalydyr. Ene-mamalarymyzdan galan milli däp dessurlarymyzy geljekki nesillere öwretmek, eli hünärli etmek bize enelerimiz nusgalyk mekdep bolup durýar. Mährem enelerimiz diňe bir agzybir maşgalanyň daýanjy bolmak bilen birlikde çaga terbiýelemekde hem nusgalyk ýol goýupdyrlar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ata Watanymyzyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ösüşiň has-da belent sepgitlerine ýetiljekdigine ynanýarys. Il-ýurt, sebit we dünýä ähmiýetli şeýle beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler.