Pyragynyň sözi bilen...

267


Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä şöhratyna eýe bolmagyny şertlendirdi. Akyldar şahyryň goşgulary tutuş dünýäde  millionlarça adamyň kalbyny joşdurýar. Çünki şol eserlerde ruhy-ahlak, terbiýe gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Dana şahyrymyzyň goşgularyndan kemal tapyp terbiýelenen nesiller şuglaly geljegiň kepilidir.
Türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyry Magtymgulynyň döredijiliginiň agramly bölegi asyrlardan-asyrlara aşyp, nesillerden-nesillere gelip ýetmek bilen, ruhy gymmatlyk hökmünde ynsanlaryň kalbyna çuňňur ornaşyp, ösüp gelýän ýaş nesliň, medeniýetiň kämil derejede ösdürilmegine, şahsyýetleri terbiýelemäge özboluşly goşant goşýar. Dana şahyrymyz oňat häsiýetli, arassa ahlakly, il-güne wepaly, halkyň, Watanyň aladasy bilen ýaşaýan, ynsanperwer, zähmetsöýer, halallyga ýugrulan, ar-namysly ynsanlaryň waspyny ýetirýär, olardan hemişe görelde almagy sargyt edýär. 
Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň we çuň, özboluşly we gaýtalanmajak döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän esasy taglymat, nazaryýet düşünjeleri ynsanlary göreldeli terbiýelemek bolup, bu meselede öz döwründe öňe süren pikirlerini nesillere nesihat hökmünde ýetirmek bilen, şuglaly geljegimize aýdyň göz ýetirmäge, şöhratly ata-babalarymyza guwanmaga giň ýol açýar.
Döredijiliginiň esasy maksady adamlary abraýly, bagtly hem manyly ýaşamaga, özüňden soň halkyň içinde ýagşy at goýmaga çagyrmak bilen, şahyr: «Ömrüňi geçirme beýhuda, zaýa» diýip nygtaýar.
Magtymguly arassa ahlakly ynsanlaryň il-güne wepaly bolýandygyny, halkyň aladasy bilen ýaşaýandygyny, öz hakyna kaýyl bolmak, halal hem arassa zähmet çekmek bilen, köplere görelde görkezýändigini, olara hemişe hormat goýmalydygyny nygtaýar. 
«Är men» diýen her biweçden är olmaz,
Gaýraty, namysy, ary gerekdir.
Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.
Türkmeniň millet hökmünde iň bir sarpa goýýan zady halallykdyr. Şahyr «Halala hasap bar, harama—azap» diýip nygtamak bilen, haramdan gaçadurmagy, halallyk bilen ýaşamagy, arassa hem päk ýürekden çekilen zähmetiň hözirini görmegi, onuň bereketli hem siňňitli boljakdygyny belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, sungatda, ylym-bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanmak bilen dünýäde özüni ykrar etdirýär. Öňde durýan maksatlarymyza ýetmek üçin biz akyldar şahyrymyza ýüzlensek, onuň Jemşidiň jamy ýaly döredijiliginden ylham alsak,  bitirýän işlerimiziň netijesi ýokary bolar, ýaşlara bilimdir terbiýe, edep ekram bermek meselesinde öňde duran wezipeleri öz wagtynda, netijeli çözmäge şert döreder. 
Rejepnazar TAGANOW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw 
mekdebiniň direktorynyň orunbasary.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42