Mukaddes seždegäh

304


Watana bolan söýgi döwletiň mukaddes nyşanlaryna bolan buýsançdan başlanýar. Ýaşyl Tugumyzda türkmen zenanlarynyň zehini,çeperçiligi we yhlasy bilen milli baýlyk derejesine beýgeldilen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi, jebislik manysynyň berilmegi örän buýsançlydyr. Göreniňde gözüňi dokundyrýan, göwnüňe ganat bagladyp, kalbyňa rahatlyk berýän, parahat asmanymyzda asuda pasyrdaýan milli buýsanjymyz bolan  Döwlet baýdagymyz başymyzyň täjidir. Ykbaly arşa göterilen türkmeniň dünýä ýaň salan şöhratly geçmişi, eşretli şu güni, Watanymyza, Hormatly Prezidentimize bolan beýik buýsanjy mukaddes Baýdagynda jemlenendir. Döwletimiziň Ýaşyl Baýdagynyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleriň baýdaklarynyň arasynda parlap durmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir raýatynyň buýsançly başynyň belent bolmagyna ýardam berýär. Ata-babalarymyz ýaşyl ýaýlalarynyň reňki siňen Ýaşyl Tugunyň astynda öz ýurdunyň ar-namysyny gorapdyrlar. Bu gün bolsa gözel Diýarymyzda bäş sany haly gölli, Aý- ýyldyzly, zeýtun baldakly Ýaşyl tugumyz asudalygyň, parahatçylygyň, mizemizligiň, baky berkararlygyň nyşany bolup, al-asmanda parlaýar. Onda zeýtun şahasynyň goýulmagy hem ýöne ýere däldir. Ol dünýä ýaň salan baky Bitaraplygymyzyň aňlatmasydyr. 
Türkmen mukaddes Baýdagyna guwanyp, ony hemişe gorap gelipdir. Merdana pederlerimiz duşman bilen darkaş guran pursatlary Baýdagy iň mert, batyr, gerçek ýigitlere ynanyp, olaryň ellerine beripdirler. Tug ýykylsa mertebe binýady ýykyldy hasap eden ata-babalarymyzyň bu asylly däbi biziň şu bagtyýar zamanamyzyň ýaşlary üçin terbiýe mekdebidir. Halkyň arasynda aýdylýan rowaýatlaryň birinde Baýdak barada şeýle diýilýär:
“Irki döwürlerde duşmanlar ýurduna wepaly hanyň ogluny ýesir alýarlar. Han ogly üçin näme gerek bolsa berjekdigini, hiç zadyny gysganmajakdygyny aýdýar. Ony eşiden duşmanlar hanyň öňünde iki şert goýýarlar, ýa-ha milleliň tuguny bermeli, ýa-da öz oglundan geçmeli. Şonda han perzendinden geçmek her näçe agyr bolsa-da halkynyň ar-namysy, mertebesi bolan Tuguny saýlaýar. Tugunyň gymmatlygyny ömrüniň manysy husaplaýan wagty, onuň ahwalyny aňan oglunyň dine merdana Watana, Tuga wepaly gerçek bolup ýetişjekdigi baradaky ynam örboýuna galýar”. Hiç wagt, hiç kimiň öňünde dyza çökmedik namys-arly türkmen öz Tugunyň öňünde dyza çöküp, maňlaýyna togap etmegi özüne mertebe bilýär. Tuguna sežde etmegi özüne mertebe bilen türkmenm ýüreginde ýurdunyň Baýdagy belentde parlaýan halkyň bagtyýarlygy baradaky synmaz ynam ýaşaýar.
Türkmen baýdagyndaky Aý we ýyldyzlar öz aslyny Oguz han atamyzdan alyp gaýdýandyr. Türkmen baýdagyndaky Aý we ýyldyzlar biziň döwletimiziň milliligini we güýjüni türkmen halkynyň mukaddes pikir-garaýyşlaryndan alýandygynyň nyşanydyr. Yaşyl baýdagymyzdaky Aý we ýyldyzlar özüniň ýagty reňki bilen päkligiň we ýagty durmuşyň nyşanydyr. Oguz han atamyzyň Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han atly alty ogly bolupdyr. Görşümiz ýaly, Oguz han atamyzyň ogullarynyň ikisi baýdagymyza ýalkym saçýan Aý we Ýyldyz atlaryny göterýärler. Merkczi Aziyada geçirilen gazuw-agtaryşlaryň netijesinde tapylan Göktürkmenleriň döwletine degişli 104 zikge tapyldy. Göktürkmenlere degişli bu zikgeleriň üstünde üç sany Aý-ýyldyz şekiliniň bolmagy türkmenleriň Aýy we ýyldyzy yslamdan öň hem ulanandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen döwletleriniň arasynda musulmançylygy ilkinji bolup kabul eden Garahanly türkmen döwletiniň zikgelerinde hem Aý şekili ulanylypdyr. Garahanly türkmen döwleti zamanasynda ýaşap geçen türkmen alymy Mahmyt Kaşgarly hem “Diwani lügat-it türk” atly eserinde “baýrak/baýdak” sözüni ulanmagy, “baýdak” sözüniň hakyky türkmen sözüdigine şaýatlyk edýär. Osmanly türkmen döwletinrň baýdagynda hem gyzyl reňkiň üstünde Aý we ýyldyz şekillendirilipdir. Taryhda uly yz galdyran Osmanly imperatorlygynyň baýdagynyň döreýşi barada rowaýatlar bar. Bu rowaýatlaryň birine görä, Ärtogrul Gazynyň ogly, Osman türkmen döwletini esaslandyryjy Osman beg düýşünde göwsünden çykan Aý we ýyldyzyň bütin dünýä ýaýrandygyny görýär hem-de öz döwletiniň baýdagyna bu nyşanlary goýmaga karar beripdir. Musulman döwletleri tarapyndan Aýa näderejede sarpa goýulýandygyny aňladýan iň esasy taryhy çeşme XIV we XV asyrlardan galan kartalardyr. Bu kartalarda deriniň üstüne örän ussatlyk bilen, keşde ýaly edilip, dürli döwletleriň baýdaklary şekillendirilendir. Bu kartalaryň iň gadymysy Katalan kartasy ady bilen tanalan kartadyr. Bu kartada Atlantik ummanynyň Ýewropa, esasan hem, Fransiýa kenarýakalary doly şekilde görkezilendir. Şeýle hem Arabystan, Hindistan, Hytaý, Sibir hem kartada görkezilendir. Taryha seredenimizde, baýdaklarda Aý şekiliniň Gündogardan başlap, Afrikanyň demirgazygyna çenli bolan aralykda giňden ulanylandygyny görmek boýlar. Bu kartadan bir asyr soňra döredilen başga bir kartadan bolsa Aýyň musulman döwletleriniň hemmesinde diýen ýaly ulanylmaga başlandygyny görmek bolýar. Aý doganda adamlar gadym wagtdan bäri ony ýüzüne sylýar, ýeneki aý-günlere sag aman ýetir diýip, beýik Allatagaladan dileg edýär, dünýä abatlygyny arzuwlaýar. Halkymyz ir döwürlerden bäri başy dik dogan Aýa sygynýar.Başy dik dogan Aýa gowulygyň nyşany hökmünde sežde edýärler. 
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzyň görnükli ýerinde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen, dünýäde iň belent,uzynlygy 52,5 metre, ini 35 metre, agramy 420 kg barabar bolan ägirt uly Baýdagyň dikilmegi Döwlet Baýdagymyza goýulýan hormatyň aýdyň nyşanydyr. Döwlet Baýdagynyň reňki, ondaky alamatlar tutuş türkmen halkynyň uýup gelen, ýürege has ýakyn bolan niýetlerinden, ynamyndan, däp-dessurlaryndan we taryhyndan ugur alnandyr. Her bir türkmenistanly üçin Watanymyzyň Ýaşyl Tugy mizemez mukaddeslikdir.

Selbi Ýagmyrowa,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42