ULAG-LOGISTIKA SYÝASATY ÝAÝBAŇLANÝAR
286Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça döredilýän awtomobil we demirýollary, howa hem-de deňiz gatnawlary mähriban topragymyzyň uzak taryhyň dowamynda ýerine ýetirip gelen ulag-logistiki wezipelerini gaýtadan, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda dikeltmäge giň mümkinçilikleri berýär.
Geografik taýdan amatly zolakda ýerleşen Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak dünýä ýurtlaryna, döwletlerine ýolagçylary we ýükleri gatnatmakda iň gysga, howpsuz ýollary bilen barmaly nokatlaryna eltmäge şert döredýär. Häzirki zaman bütin dünýä ykdysady çökgünligi we pandemiýa döwründe ýurdumyzyň ulagüstaşyr mümkinçiliklerine gyzyklanmalar barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Çünki ýükleri we ýolagçylary Türkmenistanyň çäginden daşamak örän amatlydyr. Ozaly bilen, Türkmenistanda syýasy taýdan durnuklylyk, halkyň agzybirligi, jebisligi bellenilýän bolsa, edil şonuň bilen deň derejede ekologiki taýdan howpsuzlyk hem döwlet tarapyndan pugta kepillendirilen ýagdaýdyr. Bu iki möhüm görkeziji dünýäniň we sebitiň ýurtlarynyň Türkmenistan bilen hyzmat daşlyga bolan gyzyklanmalaryny barha artdyrýan ýagdaýdyr.
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk goňşy döwletleriň özýüklerini, hatlaryny Türkmenistanyň çäginden geçýän ýollar arkaly Pars aýlagy ýurtlaryna çenli, günbatarda Ýewropanyň, Gara deňziniň, Türkiýäniň portlaryna eltmäge mümkinçilik berýändigi bilen hem özüne çekiji, ynamdar hyzmatdaşdyr. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň häzirki zaman ýokary talaplaryna laýyklykda, ýükleriň dürli görnüşleri boýunça aýry-aýry terminallara eýedigi ýolagçylara we ýük gatnadyjylara bökdençsiz we ýokary hilli hyzmatlary döredilmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda köpugurly ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi we ýükleri gatnatmakda, abraýly halkara guramalarynyň goldamagy esasynda, ulaglaryň görnüşleriniň utgaşdyrylmagy milli ykdysadyýeti maksadalaýyk ösdürmäge we şonuň netijesinde halkymyzyň hal- ýagdaýlaryny mundan beýläk-de gowulandyrmagamümkinçilik berýär. Şundan ugur alyp, diňe soňky on-on bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demirýoly, Kerki—Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy demirýol şahalary gurlup ulanylmaga berildi. Bu demirýollary Türkmenistanda we sebitiň çäklerinde öňden bar bolan demir ýol şahalaryna, halkara awtomobilýollaryna birigip, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty arkaly sebitiň iri ulag-logistika toruny emele getirýär. Şeýle-de häzirki wagtda ýokary depginlerde gurulýan Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli ýollary ýükleri gysga ýollar arkaly tiz we ýokary hilli daşamakda ulaglaryň görnüşlerini utgaşdyrmaga uly ýardam berer.
Biz ýurdumyzy sebitde ynamdar ulag-logistika merkezine öwürýän, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize jan saglyk, uly üstünlikleri arzuw edýäris.
(Türkmeniň Ýüpek ýoly gazeti, 2022-nji ýylyň 26-njy marty)
Dädebaý REJEPOW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy