Aýdyň ertirleri nazarlap
237Aýdyň ertirleri nazarlap «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary taryhy waka boldy. Halkymyz saýlawlarda hormatly Serdar Berdimuhamedowy saýlamak bilen, onuň hemmetaraplaýyn bilimine, ajaýyp ýolbaşçylyk we guramaçylyk ukyp-başarnygyna, jogapkärli döwlet wezipelerinde işläp toplan tejribesine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge goşan goşandyna mynasyp baha berdi. Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamasyna laýyklykda alnyp baryljak işler Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösen, ykdysady taýdan has kuwwatly döwlete öwrer, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny üpjün eder. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň döwletleriň, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň Watany hökmünde halkara giňişlikdäki mynasyp ornuny mundan beýläk-de berkider. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler, iri taslamalar mynasyp dowam etdiriler. Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki tagallalary geljekde hem rowaçlanar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň çözgüdine köpugurly çemeleşmegiň wajypdygyny nygtaýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz 28-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren ilkinji iş maslahatynda hem belläp geçdi. Toplumlaýyn esasda alnyp barylýan işler geljekde hem milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny ýokarlandyrmakda netijeli häsiýete eýe bolar. Biz Watanymyzy geljek 30 ýylda gülledip ösdürmäge gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyryljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
(Türkmenistan gazeti, 2022-nji ýylyň 4-nji apreli)
Arazdurdy AMANOW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory