KÖPETDAG GÖZELLIGE BAÝ
240Ýurdumyzda ýöredilýän ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çärelere, ylmy taýdan öwrenilen, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Bu ugurda ýurdumyzda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamlaryny ösdürmegi göz öňünde tutýan «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem uly ähmiýete eýedir. Ol ýurdumyzda daşky gurşawy we ekologik dürlüligi gorap saklamagyň baş ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hukuk binýadyny emele getirýär.
Şeýle gorag astynda saklanýan ajaýyp tebigy künjekleriň biri-de ýurdumyzyň günortasynda Türkmen — Horasan dag ulgamynyň demirgazyk bölegi bolan gözel Köpetdagyň gerişleridir. Gurluş aýratynlyklaryna baglylykda, bu dag ulgamlaryny Günbatar, Merkezi we Gündogar Köpetdaga bölýärler. Gymmatly agaçlaryň (türkmen arçasy, türkmen kerkawy, kawkaz dagdany) çapylmagy, malyň köp bakylmagy, çensiz aw edilmegi ýaly adam täsiriniň artmagy Köpetdagda goralýan ekologik ulgamlaryň döredilmeginiň zerurlygyna getirdi. Merkezi Köpetdagda tokaý işlerini ýola goýmak boýunça ilkinji synanyşyklar XX asyryň 20 — 30-njy ýyllarynda başlandy. 1948-nji ýylda Köpetdag tokaý hojalygy döredildi. 1976-njy ýylyň 19-njy awgustynda bolsa Merkezi we Gündogar Köpetdagyň hem-de dag etegindäki düzlükleriň ekologik ulgamlaryny dikeltmek we gorap saklamak maksatlary bilen Köpetdag döwlet goraghanasy döredildi. Bu goraghana Ahal welaýatynda ýerleşýär. Goraghana berkidilen ýerleriň içinde dürli gorag düzgünli bölek ýerler bar. Gönüdengöni diňe goraghana degişli ýerleriň tutýan meýdany 49,7 müň gektardyr.
Goraghanada oňurgasyz haýwanlar has köpdürlüligi we baýlygy bilen tapawutlanýar, olaryň görnüşleriniň sany 1000-den hem geçýär. Oňurgasyzlar barada söz açylanda, ilki bilen, erkana uçup ýören dürli öwüşginli kebelekler göz öňüne gelýär. Bezegindäki reňkleriň köpdürlüligi boýunça hiç bir jandary kebelekler bilen deňeşdirip bolmaz. Bu ýerde duşýan iň iri we owadan kebelekleriň biri hem gözel mahaondyr. Kebelekleriň bedeniniň yz tarapynda ýüreginiň ýerleşýändigini, ganynyň bolsa ýaşyl reňkdedigini bilmek has hem geňdir.
Goraghananyň çäklerinde oňurgaly haýwanlardan balyklaryň 15 görnüşi duş gelýär, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 3 görnüşi gabat gelýär. 43 görnüşden durýan süýrenijileriň özboluşly dünýäsi bolup, olaryň 8-si (zemzen, pişikgöz ýylan, göklors we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Köpetdagda guşlaryň örän köpsanlysy ýaşaýar. Ýurduň goralýan ýerleriniň arasynda diňe Köpetdag goraghanasynyň çäklerinde adaty syçançy, laçyn, hindi dag towugy, ak petekeli we ala jokjokylar, gara gögümtil jikjiki, arçasar ýaly guşlar höwürtgeleýär. Köpetdag goraghanasynda goralýan guşlaryň arasynda towuk şekilliler toparyndan seýrek duşýan we az öwrenilen hindi dag towugy aýratyn orun tutýar. Bu ýerde uly guşlar bolan dazzarkel, garaguş, maslykçy we iň kiçijik eýran aldawajy ýaly guşlar hem duşýar. Köpetdagyň gaýalarynda gara leglekleriň gurýan özboluşly höwürtgeleri hem synçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Köpetdag goraghanasynyň çäklerinde ýaşaýşy batgalyklar we tokaýlar bilen bagly guşlary-da görmek bolýar. Käbir ýyllarda bu ýerde durnalar dynç alýar, iýmitlenýär we güneşli günleriň birinde süri-süri bolup asmana göterilýär hem uzaklara höwürtgelemäge gidýär. Goraghanada duşýan guşlaryň 11 görnüşi (adaty syçançy, bürgüt, sakgally garaguş we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Süýdemdirijileriň 67 görnüşi bolup, olaryň 12-si (üç reňkli gijeçi, itaýy, syrtlan we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Köpetdagyň ösümlik dünýäsi hem gözelligi we syrlylygy bilen özüne çekýär.
Arçalaryň gaýtalanmajak hoşboý ysy duýulýar, howanyň yssylygy näçe ýokary bolsa, bu ysyň täsiri hem şonça güýçlen ýär. Arçanyň garamtyl-ýaşyl pürleri bakteriýalary öldürmek häsiýetine eýedir. Arçadaky tämiz howanyň peýdalydygy, adamlaryň şähdini açýanlygy, keselli haýwanlaryň bolsa öz kesellerinden dynmak üçin şu ýerlere gelýändikleri ir wagtdan bäri bellidir. Arça ekologik taýdan örän ýowuz şertlerde ösmek bilen kert gaýalary, düýpden tekiz ýapylary we dag derelerini janlandyrýar, köp guşlara we süýdemdirijilere gaçybatalga bolup hem hyzmat edýär. Emma arçalaryň esasy gymmatlylygy dag gaýalaryny berkidýänliginde we ygal ýygnaýanlygyndadyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan tebigaty goramak syýasatynyň esasy maksady hakyky iş ýüzünde ýurdumyzyň baýlyklaryny gorap saklamakdan, olary rejeli peýdalanmakdan, daşky gurşawda ekologik deňagramlylygyň bozulmagyny çäklendirmekden, tebigatyň hapalanmagynyň hem zaýalanmagynyň öňüni almakdan, jemgyýetde adamlaryň ekologik taýdan howpsuzlygyny, erkin zähmet çekmeklerini, dynç almaklaryny, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň maddy we medeni isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.
Şeýle beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Goý, ýurdumyzda gözel tebigatymyza, onuň ynsana eçilen baýlyklaryna guwanyp ýaşamak her birimize nesip etsin!
(Aşgabat gazeti, 17.03.2022 ý.)
Çemen MYRADOWA,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.