Berkarar döwleti arzuwlan şahyr

315
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilýär. Şahyryň ömri, ýaşan döwri, eserleri baradaky ylmy derňewleriň örüsi giňeýär. Milli Liderimiz akyldar şahyryň türkmen döwleti hakyndaky oý-pikirlerini, arzuw-hyýallaryny hakykata öwürdi hem-de onuň ömrüni, döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmäge giň ýol açdy.
Magtymguly Pyragy beýik şahyr we akyldardyr. Onuň ynsanperwerlige ýugrulan şygryýeti ençeme asyrlap watandaşlaryny ruhy tarapdan kämilleşdirip gelýär. Häzirki wagtda hem onuň şygyrlary halkyň bitewiligini, agzybirligini berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ol berkarar döwleti, agzybir halky arzuw edip, halkyny jebislige çagyryp ýaşan şahyrlaryň biridir. Şonuň üçin türkmen halkynyň Magtymguly Pyraga buýsanjy uludyr.
Watan, döwlet, halk, agzybirlik agzalanda, ilki bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy ýadyňa düşýär. Onuň: «Berkarar döwlet istärin» diýen setiri seriňe dolýar. Magtymguly Pyragy agzybirligiň bar ýerinde döwletliligiň, abadançylygyň bolýandygyny öz şygyrlary arkaly beýan edipdir. Şahyryň döredijilik dünýäsi türkmeniň milli ruhuna ýugrulan eserlerden ybarat. Dana şahyr öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynda merdiň-namardyň, ýagşynyň-ýamanyň, haramyň-halalyň tapawudyny aýyl-saýyl edip bilipdir. Türkmen halkyny, türkmen edebiýatyny Magtymguly Pyragysyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyraga uly baha bermek bilen: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýär.
Magtymguly Pyragy hemişe halk bilen, onuň isleg-arzuwy, şatlygy, gam-gussasy, dünýägaraýşy, Watana söýgüsi bilen ýaşapdyr. Netijede, şygyrlaryny baky ýadygär galdyrypdyr. Beýik akyldaryň agzybir halk, berkarar döwlet baradaky arzuwy hormatly Prezidentimiziň peşgeş eden bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň agzybirligini, abadançylygyny pugtalandyrmaga, milli kanunçylygymyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň çawy bütin dünýä ýaýrady.
Asly halal halkymyzyň dabarasy dag aşdy. Türkmen öz guran döwletini parahatçylygyň, dostlugyňdoganlygyň merkezine öwürdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde türkmen halky bagta ýetdi. Bu eýýamda halkymyz halal zähmetiniň rähnetini, eşretli eýýamynyň hözirini görýär.
Beýik akyldaryň şygyrlarynda türkmen halkynyň döwletlilik, bitewilik, berkararlyk baradaky arzuwlary özüniň beýanyny tapypdyr, sebäbi ynsan ýaşaýşynyň ähli ajaýyplyklary, gözellikleri agzybirlikden, jebislikden we bitewilikden başlanýar. Agzybirligiň, jebisligiň, bitewiligiň, özara düşünişmegiň bar ýerinde ýetilmejek menzil ýok. Ata-babalarymyzdan miras galan mukaddes ýörelgeleriň halkymyzyň milli mertebesini belende göterýändigine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da aýdyň göz ýetirýäris. Halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň parahatçylygynyň düýp özeni bolan agzybirlik döwletimiziň ösüş-özgerişine, belent maksatlarymyzyň rowaçlanmagyna badalga berýär. Bäş müň ýyllyk şöhratly taryhymyza ser salanymyzda, agzybirligiň we jebisligiň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda, milli ýol-ýörelgelerinde özboluşly orny eýeleýändigine göz ýetirýäris. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ylmy esasda öwrenilmegi türkmeniň akyldaryna, şahyryna goýulýan uly hormatdan nyşandyr. Magtymgulynyň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun! 
(Mugallymlar gazeti, 2022-nji ýylyň 2-nji fewraly)
Arazdurdy AMANOW, 
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42