«Aýdyň gijeleriň» önümleri: planşetler, «akylly» telefonlar, telewizorlar we täze tehnologiýalar

290
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek urga çydamly «Aýtab» söwda nyşanly 8 we 10 inçlik (8 (10) x 2,54) gara we ak reňkli planşetleriň 2,5 müň sanysyny öndürdi. Sensor ekranly elektron gurluşda Wi-Fi birikmek mümkinçiligi, ýokary takyklykly ses we kamera ulgamy, güýçli işleýiş ulgam, amatly we mäkäm daşy göz öňünde tutulypdyr. Tanymal kärhananyň täze önümi daşary ýurt önümlerinden kem däl, ýöne olardan esli arzan. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatyna gatnaşan 1500 adama ýurdumyzda öndürilen 8 inçlik «Aýtab» planşetler sowgat berildi.

2022-nji ýylda kärhana internetde syýahat etmek, ýazylan resminamalar bilen işlemek, wideofilmlere tomaşa etmek, jemgyýet torlarynda aragatnaşyk saklamak, oýun oýnamak we saz diňlemek üçin döredilen ykjam enjamlaryň ýene 7,5 müňe çenlisini çykarmagy meýilleşdirýär.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hödürleýän täze önümleriniň arasynda Android 9.1. OU esasynda ýasalan «Milli» at bilen ýurdumyzda ilkinji gezek öndürilen smartfon-da bar. Smartfonda Wi-Fi birikmek mümkinçiligi we häzirki zaman enjamlarynyň beýleki aýratynlyklary – güýçli prosessor, ýokary derejede dury kamera, mäkäm we sypaýy daş görnüş göz öňünde tutulypdyr. Smartfonyň ekranynyň diagonallaýyn ölçegi 6,3 inç, ol 2 MP/5 MP kamera we 8 Gb-lyk içinde oturdylan hemişelik ýady bilen üpjün edilen, operatiw ýady bolsa 1 Gb. «Milli» smartfonda iki simkart ýerleşdirmek bolýar.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ýokary hilli elektrotehniki we elektron önüm çykarýan hem import harytlarynyň ýerini tutýan önümleri öndürmek Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge başlan ilkinji kärhanalaryň biridir. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk ministrliginiň gatnaşmagynda döredilen hojalyk jemgyýeti eziz Diýarymyzda ýokary hilli elektrotehniki we elektron önüm çykarmagy ýola goýdy.

«Aýdyň gijeleriň» ilkinji önümi energiýa tygşytlaýan lampalar, LED-çyralary we köçe yşyklandyrmasy üçin prožektorlar bolupdy. Bu HJ-i dürli görnüşli LED çyralarynyň, asma potolok LED çyralarynyň, uly awtoýollary yşyklandyrýan ýokary kuwwatly alýumin prožektorlaryň 1 milliondan gowragyny öndürmäge ukyplydyr. Ilatymyz bu HJ-niň akylly telewizorlaryny aýratyn gowy görýär. Kärhanada diagonaly 32, 42 we 55 inçlik «Zemin», «Tolkun» we 65 inçlik «Älem» kysymly akylly telewizorlaryň 10 müňden gowragy öndürilip, elýeterli bahadan bar. Jemgyýetiň çykarýan önümleriniň sanawyna «Mylaýym» nyşanly split görnüşli kondisionerler, «Uçgun» nyşanly routerler, «Şowly» nyşanly monobloklar, «Teşne» nyşanly suw gyzdyryjy we sowadyjy enjamlary bar.

Täze pudagyň ösüşine we döwrebaplaşdyrylmagyna daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde uly serişdeler goýuldy. Aşgabatdaky zawodyň çäginde ussahanalaryň we bölümçeleriň durky düýpli özgerdildi, ýygnama hatarlary oturdyldy, arassaçylyk zolaklary, sanly tehnikany arassa ýygnama otagy we beýleki bölümçeler abzallaşdyryldy, innowasion enjamlar girizildi. Önümçilik hatarlary we ähli iş akymy ýörite okuw geçen hünärmenler tarapyndan sazlandy, önümiň giriş, ýasalyş we kabul ediş barlagy ýola goýuldy. Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri daşary ýurt kompaniýalarynda we innowasion tehnologiýalary öndürýän merkezlerde kämilleşdiriş okuwyny geçip, telewizor, planşet, smartfon, we beýleki tehniki enjamlary öndürmegiň inçe syrlaryny öwrendiler. Bu bolsa soňundan ýurtda elektronika önümçiliginde ýokary görkezijilere ýetmäge mümükinçilik berdi.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýaş alymlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy netjesinde, bu okuw jaýynyň oýlap tapan enjamlary önümçilige girizildi, ussahanalarda öňdebaryjy we häzirki zaman tehnologiýalaryna laýyk gelýän önümçilik ýola goýuldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri GPON kysymly optik-süýümli aragatnaşyk simleri arkaly işleýän enjamlar, L2, L3 derejeli swiçler, Wi-Fi routerleri, öýjükli telefonlar we beýleki elektron gurluşlar üçin programma üpjünçiligini taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Hojalyk jemgyýeti daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen işbirligini güýçlendirmäge aýratyn üns berýär. Ol daşary ýurtly kompaniýalar bilen öz önüminiň importy we eksporty jähetinde hyzmatdaşlyk aragatnaşygyny ýola goýdy. «Akylly» enjamlary öndürmek we dünýä bazarynda ýerlemek pudagynda köp tejribe toplandy. Geljekde türkmen önümini dünýä bazarlaryna çykarmak babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, hojalyk jemgyýeti bilen Russiýanyň iri mikroelektronika harytlaryny öndürijisi we eksportçysy «Mikronyň» arasynda Hyzmatdaşlyk we bilelikdäki tehnologik taslamalary ýerlemek barada degişli resminamalara gol çekildi. Bu ylalaşyk zatlaryň nämedigini aňlama, senagat harytlaryny markalama, elin barlag we dolandyryş ulgamy (EBDU), elektron resminamalary, smart-kartlary, bank kartlaryny we RFID-önümleri pudagynda taslamalary bilelikde işläp düzmäge hem ýerlemäge gönükdirilendir.

– «Mikron» bilen hyzmatdaşlykda biz netijeli ulanylmagyň uly mümkinçiligi bolan zatlary we şahsyýetleri kesgitleme ugruny ösdürmegi meýilleşdirýäris, – diýip, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň Baş müdiri H.B.Abdyrahmanow aýdýar.

Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri Aşgabatda şahamça açdylar we onuň düzüminde elektrotehnikanyň tehnologik merkezini döretdiler. Merkezi ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan dolandyrylýar. Onuň maksady – IT – maglumat tehnologiýalaryny girizmek esasynda, ýurdymyzda hereket edýän edaralaryň we kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Merkeziň hünärmenleri innowasiýalary dolandyrmagyň taslama gözleginden başlap, olardan iň netijelilerini saýlamaga we täze çözgütleri işe girizmäge çenli bolan ähli tapgyrlary boýunça iş alyp barýarlar. Häzirki wagtda şu sanawdaky taslamalar boýunça iş alnyp barylýar:
Müftiligiň saýty.
Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň internet portaly,
Onlaýn resminama dolanyşygynyň taslamasy,
Hojalyk hyzmatlarynyň ýeke-täk döwlet portaly,
Internet-dükan we ş.m.
Täze merkez tehnologik innowasiýalary dolandyrmagyň telekeçiligiň talaplaryny kesgitlemekden başlap, tehnologiýalary işläp düzmäge we önümçilige girizmäge çenli bolan ähli ugurlaryny öz içine alýar.


Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42