TÜRKMENISTANYŇ «TÜRKMENBAŞY» PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY ÖZÜNIŇ TÄZE KIÇI MÖÇBERLI KARZLARYNYŇ GÖRNÜŞLERINI HÖDÜRLEÝÄR
187Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky önümçilikleri goldamak maksady bilen, ýurdumyzyň raýatlaryna olaryň melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylyk etmek we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk şerişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin kiçi möçberli karzlary hödürleýär. Kiçi möçberli karzlar 6 aýa çenli ýeňillikli döwri bolan, 3 ýyla çenli möhlet bilen, 30 000 (otuz müň) manada çenli möçberde, ýyllyk 10 % tölegli berilýär.
Kiçi möçberli karzlaryň üpjünçiligine tölege ukyply üçünji tarapyň zamunlygy ýa-da girew emläkleri kabul edilip bilner. Kiçi möçberli karzlaryň raýatlara berilmegi milli manat da, nagt däl görnüşde bank kartlaryna ýa-da gönümel karz hasabyndan tölegleri geçirmek bilen amala aşyrylýar. Kiçi möçberli karzlary almak üçin Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýatyndaky ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
Daşoguz welaýat şahamçasy
— (+993 322) 9-37-78;
Köneürgenç etrap şahamçasy
— (+993 347) 33-5-31;
Görogly şäher şahamçasy
— (+993 340) 30-3-62.
Daşoguz habarlary gazeti, 25.12.2021 ý.