DÖWRÜŇ TALAPLARYNDAN UGUR ALYP

220
Aragatnaşyk ulgamy bagtyýarlyk döwrümiziň çalt ösýän pudaklarynyň biri. Soňky döwürlerde onuň maddy-tehniki binýady, tehnologik üpjünçiligi, maliýeleşdirilişi ep-esli pugtalandy. Müşderilere edilýän hyzmatlaryň görnüşleri artdy. Aragatnaşyk işgärleri üçin döredilýän iş-durmuş şertleri-de täze döwrümiziň talaplaryna laýyklaşdyryldy. Täze gurulýan aragatnaşyk nokatlary, olaryň ösen, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ilata edilýän hyzmatyň hilini gowulandyrmaga, onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda aragatnaşyk pudagynyň işinde sanly ulgamy ornaşdyrmak giň gerimli hem-de esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şonuň netijesinde, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda welaýatymyzyň aragatnaşyk kärhanalarynyň esasy işinden alan girdejileriniň umumy möçberi 77,2 million manada deň boldy we ol geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,4 göterim artdy. Şol sanda hyzmatlary ilata ýerleşdirmekden alnan girdejiler 33,5 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwründäkiden 20,6 göterim ýokarlandy.
Daşoguz habarlary (23.12.2021 ý.)

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42