BAKY BITARAPLYK – PARAHATÇYLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY
288BAKY BITARAPLYK – PARAHATÇYLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz üstünliklere beslenýär. Türkmenistan baky Bitaraplygyň ýörelgelerinden ugur alyp, ýurduň, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Ol halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini görkezdi. Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň uzakmöhletli hyzmatdaşy bolup durýar, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýär, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär. Munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Kararnama biragyzdan kabul edildi. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýylynyň dowamynda eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry diňe milli bähbitlere däl-de, eýsem dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, netijeli, sazlaşykly çemeleşmäniň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklarynyň binýatlyk esasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini görkezdi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Ýurdumyz dünýädäki ähli ýurtlar, şol sanda goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň sebitde ýüze çykýan dawalaryň öňüni almakda we çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde işlemek tejribesi bar. Halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Mugallymlar gazeti, 03.12.2021 ý.
Arazdurdy AMANOW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory