Kime we haýsy ýagdaýda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary bellenilýär?
653Kime we haýsy ýagdaýda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary bellenilýär?
Işçi birnäçe wagtlap öz saglyk ýagdaýy ýa-da maşgala agzalarynyň biriniň agyr keseli sebäpli özüniň iş borçlaryny ýetirip bilmeýän ýagdaýy ýygy duş gelýär. Şeýle ýagdaýlarda döwlet tarapyndan jemgyýetçilik goldawy– ilatyň jemgyýetçilik goraglylygy baradaky Türkmenistanyň (Zähmet) Kodeksiniň 59-njy maddasynda beýan edilen wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary - göz öňünde tutulan.
Haýsy ýagdaýlarda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary bellenilýär?
Döwlet kömek pullarynyň bu görnüşi umumy kesel, zähmet maýyplyk (şikes), hünär keseli sebäpli iş döwründe zähmete ukyplylygyny ýitiren we saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen zähmete ukypsyzlyk resminamasyny hödürlän şahslara berilýär. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullaryny diňe işleýän raýatlaryň almak hukugy bar.
Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyga şu aşakdaky ýagdaýlar degişli:
Zähmete ukyplylyk başarnygyny ýitiren ilkinji gününden başlap onuň dikeldilýän ýa-da maýyplyk kesgitlenýän döwrüne çenli lukmançylyk gözegçiligine we bejergisine kesel ýa-da zähmet maýyplygy (şikesi) sebäpli mätäçler;
hünär keseli ýa-da inçekesel bilen kesellemegi ýa-da olaryň organizminde ýokanç keselleri döredijileriň barlygy sebäpli başga iş ýerine geçmekde;
karantin düzgüni dowam edýän döwründe ýokanç keselleriň merkezinde işleýänleriň işden boşadylmagynda;
çaga mekdepden öňki edaralarda karantin düzgüniniň girizilen döwründe çaga seretmek boýunça – senenamanyň 14 gününe golaý;
çaga mekdepden öňki edaralarda karantin düzgüniniň girizilen döwründe kesellän çaga seretmek boýunça ;
Gatnawlaýyn bejergi alynýan ýagdaýynda:
kesellän maşgala agzasyna seretmek boýunça – senenamanyň 7 gününe çenli;
14 ýaşyna ýetmedik kesellän çaga seretmek boýunça – senenamanyň 14 gününe çenli;
Stasionar bejergi alynýan ýagdaýynda:
7 ýaşyna ýetmedik kesel çaga, şeýle-de 14 ýaşyna ýetmedik çaga agyr operasiýadan soňky, şikes ýa-da ýanyk we agyr keselden ejir çekýän döwürde seretmek boýunça – senenamanyň 122 gününe çenli.
Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk sebäpli döwlet kömek pullaryny almaklyk üçin esasy resminama – wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk kagyzy. Beýleki kagyzlar döwlet kömek pulunyň bu görnüşiniň berilmegi üçin güýçsüz hasaplanýar.
Wagtlaýyn zähmete ukypsyz kagyzynyň ýitirilen ýagdaýynda saglygy goraýyş edaralarynyň zähmete ukyplylygyny wagtlaýyn ýitirendigi baradaky kagyzyň nusgasy iş ýerinden zähmete wagtlaýyn ukypsyzlygy boýunça döwlet kömek pullarynyň berilmedigi baradaky iş ýerinden kepilnamany getirmegi bilen berilýär. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygynyň hakyky dowamlylygy bejerýän lukman tarapyndan kesgitlenilýär we 2019-njy ýylyň 7-nji awgustynda
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty Ministrliginiň № 221 buýrugy bilen ykrar edilen we 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Adalat Ministrligi tarapyndan №1251 belgide hasaba alnan wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk barlagynyň tertibine laýyklykda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk kagyzy bilen ykrar edilýär.
Döwlet kömek pulunyň möçberi nähili görnüşde hasaplanylýar?
Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça bellenilen döwlet kömek pullarynyň ölçegi orta gündelik zähmet hakynyň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygynyň senenama günleriň sanyna köpeldilip alnan ululykdan hasaplanylýar we şu aşakdakylardan ybarat:
1. 60 göterimi – 5 (bäş) ýyla çenli iş tejribesi bolan ýagdaýynda;
2. 80 göterimi – 5 (bäş) ýyldan 8 (sekiz) ýyla çenli iş tejribesi bolan ýagdaýynda;
3. 100 göterimi – 8 (sekiz) ýyldan we ondan ýokary iş tejribesi bolan ýagdaýynda.
Zähmete wagtlaýyn ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary iş tejribesine garamazdan 100 göterim ölçegde tölenýän ýagdaýy hem bar, olar şulardan ybarat:
1. Zähmet maýyplygy ýa-da hünär keseli sebäpli wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy bolan şahslara;
2. 18 ýaşa ýetmedik şahslara;
3. 21 ýaşa ýetmedik ýetim galan şahslara (ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolanlara);
4. Ykrar edilen tertipde maýyp diýlip bellenen şahslara;
5. 18 ýaşyna ýetmedik maýyp çaga seredýän ýa-da 16 ýaşyna dolmadyk eklenjindäki üç we ondan hem artyk çagasy bolan ejelere (hossarlaryna);
6. Donorlyk wezipesini ýerine ýetirmekde ýüze çykan wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolan şahslara;
7. Beýleki döwletleriň çäginde harby hereketleriň weteranyna;
8. Keseli ionizirleýän we rentgen şöhlelenme sebäpli ýüze çykan şahslara.
Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullarynyň möçberi we aýlyk zähmet haky umumylykda iki wezipe zähmet hakyndan ýa-da iki tarif hakyndan ýokary bolmaly däldir.
Waglaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullarynyň möçberi Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 131-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde hasaplanan orta aýlyk we orta günlük zähmet hakynyň we wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwrüniň kalendar/senenama günlerindäki dowamlylygy esasynda hasaplanylýar.
Orta aýlyk zähmet hakynyň hasaby çykarylanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatanjy boýunça hasaplanýan zähmet haklarynyň ähli görnüşi şol sanda utgaşdyrma boýunça işi üçin zähmet hakyndan başga zähmet rugsadynyň töleg jemi, şeýle-de zähmet töleginiň hereket edýän ulgamy tarapyndan şertlendirilmedik tölegler hem göz öňünde tutulýar.
Orta günlük zähmet haky orta aýlyk zähmet hakynyň 29,7-ä bölmeklik bilen hasaby çykarylýar.
Döwlet kömek pullarynyň hasaplanmasy işgärleriň iş ýagdaýyna zyýan ýetirmeýän bolsa, wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolmagyndan öňki gelýän aýyň işiň soňky iki senenama aýynyň orta aý we orta günlük zähmet hakynyň esasynda amala aşyrylyp bilner.
Ýyllyk iş netijesi boýunça maddy sylag zähmet hakynyň orta aýlyk möçberinde göz öňünde tutulýar, şol döwrüň (kwartal, ýyl) aýlaryň sanyna onuň umumy jemine bölmek bilen kesgitlenilýär.
Zähmet haky alynýan döwründe işgär grafika boýunça käbir günleri işlemedik bolsa, her aýlaryň sylagynyň orta aýlyk jemi işlenilen döwre deň ölçegde göz öňünde tutulýar.
Döwlet kömek pullarynyň möçberiniň hasaplanmagy üçin kabul edilýän işgäriň öň kesellän döwründe wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullaryny eýýäm alan ýa-da zähmet hakynyň saklanmasyz zähmet rugsadynda bolan bolsa ýa-da beýleki ýagdaýlar bar bolsa, waglaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary işçä hakykatda hasabyna goşulan zähmet hakyndan we bu döwüriň dowamynda hakykatda işlän wagtyna ugurlanyp bellenen tertipde hasaplanylýar.
Eger işçiniň döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak üçin kabul edilýän döwürde işlenilen aýlar bolmadyk ýagdaýynda we zähmet haky hasabyna geçirilmedik bolsa (uzak wagtly zähmete ukypsyzlyk, işsiz durmaklyk sebäpli zähmet haky saklanmazdan zähmet rugsady we ş.m.), wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwlet kömek puly bellenen wezipe zähmet hakynyň hasabyndan zähmete ukypsyzlyk hakyny getiren gününe hasaplanylýar.
Başga ýagdaýlarda (zähmete potratlaýyn hak töleme we beýlekiler) aýlyk döwlet kömek puly Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary tarapyndan kesgitlenen kiçi zähmet hakyndan pes bolmaly däldir.
Gaýtadan kabul eden ýa-da özüniň zähmet işini togtadan şahslar üçin, şeýle-de çaga seretmek boýunça zähmet rugsadyna çykan we döwlet kömek puluny hasaplamak üçin göz öňünde tutulan wagt işlän işçiler üçin hem wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullarynyň hasaby meňzeş tertipde alnyp barylýar.
Wagtlaýyn usulda işini ýerine ýetirýän işçiniň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň hasabynyň çykarylmagynda sagatlyk orta zähmet hakynyň (orta sagatlyk zähmet haky) hasaby ýüze çykarylýar. Orta sagatlyk zähmet haky zähmete ukypsyz bolan aýyndan öňki döwürde döwlet kömek pullarynyň hasabyny çykarmak üçin kabul edilen döwürde hakykatda işlän, ýöne bellenen wahta dowamlylygyndan geçmezden ähli sagatlary üçin zähmet hakynyň umumy jeminiň bu sagatlaryň sanyna bölmeklik bilen kesgitlenilýär. Döwlet kömek pulunyň möçberiniň hasap çykarmasy işçiniň orta sagat zähmet hakynyň we wahtada iş grafigi boýunça iş sagatlarynda wagtlaýyn zähmete ukypsyz döwrüniň dowamlylygynda amala aşyrylýar.
Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny almak üçin nirä ýüz tutmaly?
1. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwlet kömek pullary raýatlaryň esasy iş (gulluk) ýerinden tölenilýär.
2. Daşary ýurt döwletiň bejeriş edarasy tarapyndan berlen zähmete ukypsyzlyk hatynyň esasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň bellenen haty tassyklamagynda (çalyşmagynda) berilýär.
Zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary haýsy ýagdaýlarda berilmeýär:
Kanuna garşy hereketler edilen ýagdaýynda;
Öz saglygyna ýa-da hossarlygyndaky şahslara bilkastlaýyn zyýan ýetiren ýagdaýynda;
Alkogol, narkotiki ýagdaýda ýa-da toksiki serhoşluk ýagdaýynda.