Gadymy türkmenleriň ykdysadyýeti
301 Gadymy türkmenleriň ykdysadyýeti
Türkmenleriň maliýe gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymdan alyp gelýär. Türkmenleriň gadym eýýamdan uly möçberde altynlary, kümüşleri, şaý-sepleri, emläkleri we mallary bolupdyr. Türkmenlerde, şol sanda türki halklarynda-da «mal» sözi baýlyk diýen manyny aňladypdyr. Biziň döwrümizde ulanylýan “maliýe” adalgasy bolsa başyny şol döwürlerden alyp gelýär.
Türkmenistanyň territoriýasynda öz döwründe ykdysadyýet taýdan güýçli bolan döwletleriň biri hökmünde Parfiýa döwletini mysal getirsek bolar. Parfiýa Rim ýaly uly imperiýa bilen bäsleşmegi başarypdyr. Parfiýa döwleti özüniň gurnan kämil salgyt ulgamynyň hasabyna, pul görnüşinde salgyt ýygnap baý bolan döwlet gaznasyny döredipdir. Bu döwre degişli gazyp agtarma işlerinde tapylan küýze döwükleriniň ýüzünde gara syýa bilen ýazylan üzümçilikden alnan salgytlar baradaky ýazgylara hem duş gelnen ýerleri bar.
Orta asyrlarda ykdysadyýet taýdan Seljukly türkmen döwleti dünýä ýüzünde möhüm orny tutýar we uly meýdany eýeleýär. Onuň eýelän meýdany demirgazyk Hytaýdan başlap Müsüre, Kiçi Aziýa we Kawkaza çenli aralygy öz içine alýar. Şol döwürler Wizantiýa ýaly uly imperiýa Seljukly döwletine paç töleýär. Seljuk imperiýasynyň giňligi 3 900 000 inedördül kilometrden ybarat bolupdyr, onuň eýeçilik eden döwletlerinde häzirki wagtda birnäçe ýüz million adam ýaşaýar.
Amala aşyrylan uly taslamalar
Imperiýanyň içinde köp taslamalar durmuşa geçirilipdir. Mysal, oba hojalygy bilen bagly, Mälik şa Murgap derýasyny bentlemek boýunça uly taslamalaryň birini yglan edýär. Bu taslamany amala aşyrmak üçin alty aýyň içinde bir ýüz müňe golaý işçi kabul edilýär. Şol bendiň hasabyna, Murgap oazisi suw bilen üpjün edilip başlanýar we oba hojalyk ykdysadyýeti görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanýar. Bu proýektiň hasabyna suw gözegçiligi bilen meşgullanýan 10 müň adam iş bilen üpjün edilýär.
Döwletiň girdeji çeşmeleri
Seljukly döwletinde ýere, suwa we öri meýdana hasaplanýan salgydyň görnüşleri bolupdyr. Mysal Horasandaky türkmenler her bir gara öý ýa-da jaý üçin salgyt töläpdirler. Öri meýdan üçin salgydy diri mal ýa-da pul görnüşinde beripdirler. Ekerançylyk bilen meşgullanýanlar alnan girdejiniň ondan bir bölegini salgyt hökmünde töläpdirler oňa hyraç we hüşür diýip at berlipdir. Häzirki wagtda biziň ulanýan kärende tölegimize meňzeş, salgydyň giňden ulanylan «mu-amala» atly ýene-de bir görnüşi bolupdyr. Bu salgyt döwlete degişli hem-de şa mülkündäki ýerlerden alnypdyr. Adatdan daşary uruş we ş.m. ýagdaýlarda alynýan salgytlara «kysmat» diýip at berlipdir.
Döwletiň çykdajylary
Döwletiň çykdajysynyň uly möçberini harby goşun üçin edilýän çykdajylar tutupdyr. Çykdajynyň düzüminde: köprüleri gurmak, ýol çekmek, suwaryş desgalaryň gurluşygy, şäher jaýlary, gala galdyrmak, kerwensaraýlary gurmak, metjitleri we medreseleri salmak hem-de beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygy bolupdyr. Goşmaça imperiýanyň dolandyryş diwany we ilçihanalaryny saklamak, ylma we bilime edilýän çykdajylar, din wekillerini, alymlary saklamak üçin edilýän çykdajylar düzüpdir.
Maliýe gurallary
Seljukly imperiýasynda, raýatlaryň döwlete töläp bilmedik maliýe borçnamalary (salgydy) üçin, häzirki döwrde bar bolan weksele meňzeş, “Barat” diýlip atlandyrylýan maliýe guralyny döredilipdirler. Baratyň formasy weziriň diwany tarapyndan onuň möhüri (tawki) bilen tassyklanypdyr, baratyň ýazgylaryny we hasabatyny ýörite döwlet işgärleri ýöredipdirler. Baratlar bazarda dolanyşykda bolupdyr hat-da onuň bilen zähmet hak töleglerini hem hasaplaşypdyrlar. Bu maliýe guralyny alyp satýan maklerler bolupdyr. Aluw-satuwdan alynan pul serişdeleri baratyň eýelerine tölenipdir. Baratyň arka tarapynda (hawala) bir adamdan başga bir adama geçýän bergileri ýazylyp tassyklanypdyr we bu resminama esasynda algy – bergileri hasaplaşypdyrlar.
Pul dolanyşygy
Seljukly döwletinde ýörgünli pul altyn we kümüş dinarlar bolupdyr ýene-de bir hatarda dolanyşykda imperiýanyň tabynlygyna giren ýurtlaryň altyn dinarlary bolupdyr. Ilkinji gezek altyndan 3,35 g agramly dinar teňňesi Togrul begiň ady bilen 1041-nji ýylda Nişapur şäherinde çykarylýar. Döwletiň Nişapur, Reý, Hyrat, Yspyhan, Kumm, Hemedan, Ahwaz, Bagdad we Basra şäherlerinde pul çykarylýan 9 sany zikgehanalary işläpdir. Agramy 3,09–4,12 g aralygynda Alp Arslanyň ady bilen kümüş dirhemler hem çykarylypdyr. Kümüş pullaryň azalmagy sebäpli onuň düzümine mis hem goşulypdyr. Soltan Alp Arslan döwründe Merwde dolanyşyga ilkinji gezek kümüş we altyn garylan “elektr” diýlip atlandyrylýan dinar girizilýär. Bu pul birliginde altynyň agramy pesi 10 g bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen düzüminde altyn has az bolan dinarlar dolanyşyga salnyp başlanypdyr.
Pullaryň satyn alyjylyk ukyby barada aýdylanda, gadymy taryhçy syýahatçylaryň ýazgylaryna görä, Yspyhan bazarynda bir uly çöregiň bahasy bir kümüş dirheme barabar diýlip ýazylypdyr, bu baha biziň günlerimizdäki çöregiň bahasy bilen deňeşdirilende gaty gymmat hasaplanýar. Altyn teňňeler lomaý söwdada ulanylypdyr, bölek we ownuk söwdada hümmeti boýunça pes bolan şaýlar ýörgünli bolupdyr.
Çeşme: S.G Agajanow, XI–XII asyrlarda Seljuklylar döwleti we Orta Aziýa (rus diinde, neşir "Ylym" 1991 ý.). Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi internet saýty https://fineconomic.gov.tm/static-pages/5/26.