Goşulan baha üçin salgyt näme?
729Goşulan baha üçin salgyt näme?
“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi kanunynyň 95-nji maddasyna laýyklykda, goşulan baha üçin salgydy (GBS) töleýjiler bolup – ýuridiki taraplar we hususy telekeçiler çykyş edýärler. Şol Bitewi kanunyň 107-nji maddasyna laýyklykda, haryt we hyzmat satyn alnanda, töleg bilen bir hatarda GBS tölemäge hem borçlanýarlar.
GBS döreýşi
Salgydyň bu görnüşi (VAT - Value added tax, iňl. НДС - Нало́г на доба́вленную сто́имость, rus.) dünýäniň 160-dan gowurak döwletinde ulanylýar. Buhgalterleriň arasynda "NDS" diýip atlandyrylýan bu salgyt Türkmenistanda 1991- nji ýyllardan ulanylyp başlandy we şu günki günde býujetiniň iň uly möçberli salgyt görnüşlerinden biri hasaplanýar, bu salgyda dünýäde sarp edijiniň salgydy hem diýilýär.
Salgydyň hasaplanylyşy - şol bir haryt ondan-oňa näçe gezek satylýan bolsa, şonça gezek hem, her bir satylan amaldan GBS hasaplanýar we tölenýär. Mysal, “A” telekeçi “B” fabrika çig mal satýar, telekeçiniň bu amalyndan bu salgyt döreýär. "B" fabrika satyn alan çig malyndan bir önüm ýasaýar we "Ç" söwdagäre satýar, bu amaldan hem salgyt döreýär, "Ç" söwdagär bu önümi öz dükanynda bir müşderä satýar bu amaldan hem bu salgyt emele gelýär. Netijede önümi sarp ediji hökmünde iň soňky satyn alan GBS töleýän, munuň nähili beýle bolýandygy barada aşakda düşündirilýär.
GBS salnanda adatça göterim görnüşinde hasaplanýar. Mysal üçin, önümiň bahasy 100 manat bolsa, GBS 15% bellenilen bolsa sarp ediji satyja 115 manat töleýär. söwdagär 100 manady alyp galýar 15 manady bolsa döwlete geçirýär.
GBS tölegi býujete nähili geçirilýär?
GBS töleýji, bu salgyt bilen bagly her aý üçin salgyt gullugyna beýannama (deklarasiýa) tabşyrýar we degişli möçberi döwlet býujetine töleg edýär. “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi kanunynyň 110 maddasy esasynda, salgyt töleýjiniň "tölenen GBS" diýen bir zat satyn alanda töleg eden GBS hem-de bir zat satanda müşderiden "alnan GBS" diýen düşünjeleri bolýar. Bu salgyt boýunça býujete töleg edilende, "tölenen" we "alnan" GBS möçberiniň aratapawudy tölenýär. Ýokardaky getirilen mysaldan görnüşi ýaly, söwdagär 15 manat GBS möçberi sarp edijiden alan bolsa we şol aýyň içinde fabrikadan önüm satyn alanda 60 manatlyk söwdadan 9 manat (60x15%=9 manat) GBS tölän bolsa, netijede býujete geçirilmeli GBS möçberi 6 manatdan ybarat bolýar.