Danalary diňleseň...

216
Danalary diňleseň…
Lukman Hekim agyr syrkawlap ýatanda, ony soramaga gelen bir bende: «Lukman, sen dünýeden gaýdaňsoň, biz näme ederis?» diýip sorapdyr. Ol daş işikde duran düýesine tarap elini salgap: «Weýis babanyň düýesiniň töwereginde boluberiň! Şol siziň köp keselleriňize em bolup biler» diýipdir. 
Halk hekaýatlaryndan.
Eý, oglum! Hiç haçan adama erbet söz aýtmagyn! Erbet söz suwa oklanan daş ýaly, kalbyň jümmüşine çümer we şol daşyň suwuň düýbünde eremän ýatyşy ýaly, ömürlik ol adamyň ýadyndan çykmaz. 
Lukman Hekim.
Paýhasyň üç miwesi bar, ol – pikirlenmek, gowy geplemek we gowy hereket etmekdir.
Demokrit.
Edep-terbiýe berýän mugallymlar çagalar üçin öz ene-atalaryndan ileridir. Sebäbi ene-atalar olary dünýä inderýärler, mugallymlar bolsa olara mynasyp ýaşamagyň ýollaryny öwredýärler. 
Aristotel.
Bir oglany okadyp, sowatly etmegiň sogaby on müň ajy doýurmak hem ýene şonça adama egin-eşik berip, sogap gazanmak bilen deňdir.
Döwletmämmet Azady. 
Toplan Akgözel GAZAKOWA, 
Daşoguz maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42