Ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berildi

331

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmaga halkymyz işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.
Ählihalk bag ekmek dabarasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurtda tokaý zolaklaryny artdyrmak maksady bilen geçirilýär. Agzalan çäre Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hemde biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenilen 15-nji Maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilýär. Ekologik maksatnamasy ahyrky netijede adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy ajaýyp türkmen tebigaty bilen sazlaşdyrmak arkaly sagdynlaşdyrmaga hem-de sözüň doly manysynda ýurdumyzy gülläp ösdürmäge gönükdirilendir.
Bu asylly däbe eýerip biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem bag ekmek dabarasyna giň gerim berildi. Güneşli ülkämiziň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak üçin zerur bolan çärelere gatnaşmakdan hiç kim çetde galmady. Çünki türkmen halkynda bag ekmek asyrlar boýy sogap iş hasaplanyp gelipdir. Dabara mekdebimiziň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary işjeň we uly ruhubelentlik gantaşdylar. Okuw binamyzyň ýanaşyk ýerlerine saýaly we miweli baglaryň ençemesi oturdyldy. Baglaryň howa şertlerine ukyplylygyna aýratyn üns berildi. Öň bar bolanlaryň düýbüni ýumşatmak we abatlamak işleri geçrildi. 
Geçen ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million bag nahallary oturdylypdy. Bu ýyl bolsa ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp nahalyň oturdylmagy bellenildi.

Taýýarlan:
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy,
Serdar KURBANOW

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42