Köňülleriň buýsanjydyr Aşgabat
215Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzda ýaşaýan adamlaryň oňaýly ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin şertleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunda gözel paýtagtymyzyň beýik ösüşleri, milli binagärligiň dünýä tejribesi bilen utgaşyklylykda alnyp barylmagy ähli ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döredýär. Aradan uzak wagt geçmese-de her gezek paýtagtymyza baranyňda täsin özgertmelere, ösüşlere gözüň düşýär. Ynha, şu ýylyň özünde hem ençeme täsin binalar — «Türkmenbaşy», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Kabul ediş merkeziniň edara binalary, «Arkadag» myhmanhanasy, «Laçyn» seýilgähi, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, döwrebap ýollar, Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» binalar toplumy ulanmaga berlip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda mähriban halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Gurluşygy tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýan «Garagum» myhmanhanasy hem daşky owadan keşbi bilen ak şäherimize aýratyn öwüşgin çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasynyň, öňdengörüjilikli syýasatynyň miwesi bolan ajaýyp zamanamyzda ýerine ýetirilýän beýik işlerde, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, ak şäherimiz Aşgabatda hem mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, röwşen geljeginiň nazarlanýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. Goý, ak şäherimiz Aşgabady beýik ösüşleriň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
(Aşgabat gazeti, 2021- nji ýylyň 30-njy oktýabry).
Arazdurdy AMANOW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory.