Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary

2427
Kär: Ykdysatçy

Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde “Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary” hünäri boýunça taýýarlanylýan ykdysatçylaryň wezipelerini hem-de olaryň hünärine bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär.
Kär häsiýetnamasy hünärmenleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly hünärmenleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, orta hünär okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerine ugradylyşyny, işe ýerleşdirilişini üpjün etmek we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň hünärlerine laýykdygyny seljermek üçin ulanylmalydyr.

Hünärmeniň wezipesi
      
Hünärmen öz alan hünärine we kärine laýyklykda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, döwlet dolandyryş edaralarynda we beýleki hojalyk edaralarynda, paýdarlar jemgyýetlerinde we hyzmat ediş kärhanalarynda meýilnamalaşdyryş, dolandyryş, hasaba alyş, seljeriş we beýleki işlerinde döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak, sanly ulgamy ösdürmek, sanly maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly alynyp barylýan işi ýeňilleşdirilmek, elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak, mümkinçiliklerden doly peýdalanmak, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmak üçin taýýarlanylýar.
Hünärmen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, döwlet dolandyryş edaralarynda we beýleki hojalyk edaralarynda, paýdarlar jemgyýetlerinde we hyzmat ediş kärhanalarynda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipelerde işläp biler.

Hünärmene bildirilýän umumy talaplar

Hünärmen ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, syýasatyna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge çalyşýan şahs bolmalydyr.
Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, terbiýeçilik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.

Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir:

  • ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ykdysady, dolandyryş, ylmy-barlag, tehniki we tehnologiki meseleleri çözmek üçin ykdysady dersleriň esaslaryny;
  • ýurdumyzyň ykdysadyýetini kämilleşdirmekde kabul edilýän kanunlary, maksatnamalary, konsepsiýalary;
  • umumy we ýörite hünär boýunça göz öňünde tutulan dersleri;
  • häzirki zaman sanly maglumat tehnologiýalarynyň üsti bilen işi alyp barmagy;
  • ykdysady, maliýe, ylmy-tehniki we önümçilik görkezijilerini sanly maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanak bilen özbaşdak seljermegi;
  • ýurdumyzda bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti, halkara söwdany kämilleşdirmekde alynyp barylýan işleri we geçirilýän duşuşyklary;
  • ýurdumyzda ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde, elektron senagaty ösdürmekde sanly maglumat tehnologiýalaryndan doly we dogry peýdalanmaklygy;
  • internet ulgamynyň maglumat çeşmelerinden doly we yzygiderli peýdalanmagy;
  • häzirki zaman kompýuter we innowasion tehnologiýalaryň gurluş aýratynlyklaryny we olaryň ulanylyş netijeliligini;

Hünärmen şu aşakdakylary başarmalydyr:

  • okuwyň ähli görnüşlerini ulanyp, özüniň syýasy düşünjesini yzygiderli ýokarlandyrmagy;
  • dolandyryş işinde kompýuter tehnologiýasyndan doly peýdalanmagy;
  • milli we daşary ýurt dillerini erkin bilmegi, daşary ýurt dilinden hünäri boýunça peýdalanmagy;
  • edara-kärhanalarda saklanylýan, dolandyrylýan elektron maglumat resminamalarynyň goragyny we howpsuzlygyny üpjün etmegi;
  • ykdysady, maliýe, ylmy-tehniki we önümçilik görkezijilerini özbaşdak seljermegi, sanly maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanmak bilen işini ýeňilleşdirmegi we wagtyny tygşytlamagy;
  • meýilnamalaşdyryş, hasaba alyş, seljeriş we beýleki işlerde dewrebap tehnologiýalardan peýdalanmaklygy;
  • ykdysadyýetimizi kämilleşdirmek ugrunda kabul edilýän kanunlary, maksatnamalary, konsepsiýalary yzygiderli öwrenmek bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşine öz goşandyny goşmagy;
  • ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň täze görnüşlerini şeýle hem internet ulgamyny önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda giňden peýdalanmagy.

Kär häsiýetnamasy şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleriniň hökmany suratda göz öňünde tutmaly hem-de işinde ulanmaly resminamadyr. Dolandyryş edaralary bolsa muny durmuş-ykdysady we ylmy-tehnologiýa ösüşiň talaplaryna we öňe gidişligine laýyklykda giň hünärli hünärmenleri okatmaklygy we terbiýeçiligi hemişe kämilleşdirmeklik üçin peýdalanmalydyr.
Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleri hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Häsiýetnama hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralarynyň, hünärmeniň hünär derejesini ýokarlandyrýan edaralaryň okuw meýilnamalaryny düzmekde esasnama we iş ýazgysy bolup hyzmat etmelidir.
Kär häsiýetnamasyna ylmyň gazananlaryna esaslanýan üýtgetmeler we goşmaçalar diňe Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ylalaşylmagy esasynda girizilip bilner.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42