Salgytlar we salgyt salmak

1742


Kär: Ykdysatçy

Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde “Salgytlar we salgyt salmak” hünäri boýunça taýýarlanylýan ykdysatçylaryň wezipelerini hem-de olaryň hünärine bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär.

Kär häsiýetnamasy hünärmenleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly hünärmenleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, orta hünär okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işlerini gura-mak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerine ugradylyşyny, işe ýerleşdirilişini üpjün etmek we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň hünärlerine laýykdygyny seljermek üçin ulanylmalydyr.

Hünärmeniň wezipesi

Hünärmen alan hünärine we kärine laýyklykda bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda dolandyryş, hasap, maliýeleşdiriş, derňew, seljeriş işleri hem-de salgyt salmagy guramak bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmek üçin taýýarlanylýar.

Hünärmen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliguniň Baş döwlet salgyt müdirliginde, welaýat, etrap we şäher bölümlerinde, dürli maksatly pul serişdelerini dolandyrýan edaralarynda, ätiýaçlandyryş guramalarynda, dürli eýeçilik görnüşindäki kärhanalarda we beýleki edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipelerde işläp biler.

Hünärmene bildirilýän umumy talaplar

Hünärmen ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, syýasatyna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge çalyşýan şahs bolmalydyr.

Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.

Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge  we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.

Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir:

-   Türkmenistanda salgyt ulgamynyň ýörelgelerini we onuň hukuk esaslaryny;

-   salgytlaryň görnüşlerini, maksadyny we salgyt salmagyň nazaryýetini;

-   fiziki we ýuridiki taraplar hem-de telekeçilik ulgamlarynda salgyt salmagyň guralyşyny we usulyýetini;

-   pudaklarda salgyt salmagyň hasaby we hasabatlylygyny;

-   döwletiň býujet-salgyt syýasatynyň ýörelgelerini, pul dolanyşygyny we ykdysadyýeti kadalaşdyrmagyň usullaryny;

-   pudaklarda salgyt salmagyň esasy ykdysady görkezijilerini we olaryň kadalaşdyryjy hukuknamalaryny;

-   Türkmenistanyň döwlet býujetiň gurluşyny, ýörelgelerini, ýerine ýetirilişini we salgyt görkezijileri bilen baglanyşykly işleriň ýola goýluşynyň usulyýetini;

-   maliýe menejmentiniň ýörelgelerini we usullaryny;

-   dolandyryş hasabyny we hasabatlylygyny;

-   maliýe hasabyny we hasabatlylygyny;

-   salgyt gözegçiligini we onuň ýörelgelerini.

Hünärmen şu aşakdakylary başarmalydyr:

-   býujet we salgyt syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ykdysadyýetiň pudaklaryny salgyt salmagyň esasy ykdysady görkezijilerini ulanmak arkaly kadalaşdyrmagy;

-   döwlet býujetiniň merkezleşdirilen we ýerli düzüminiň işlenip taýýarlanylmagy üçin esasy ýörelgelerini ulanmagy hem-de maliýe serişdelerini maksadalaýyk meýilleşdirmegi we dolandyrmagy;

-   döwletiň içerki we daşarky hasaplaşyk amallary boýunça algy-bergilerini dolandyrmagy we salgyt-býujet syýasatynyň gurallaryny ulanmak bilen ýurduň pul-haryt dolanyşygyny kadalaşdyrmagy;

-   býujetden daşary pul gaznalaryny dolandyrmagy

-   kärhanalarda, edaralarda we guramalarda salgyt salmagy we maliýe işlerini gurnamagy;

-   kärhanalarda, edaralarda we guramalarda salgyt gözegçiliginiň talabalaýyk ýola goýulmagyny üpjün etmegi;

-   döwletiň býujet we maliýe meýilnamalaryny işläp düzmegi;

-   kärhananyň girdejisiniň we peýdasynyň möçberlerini hem-de esasy serişdeleriň könelme gymmatyny we beýleki ykdysady görkezijiler boýunça hasaplaşyklary hasaplap bilmegi;

-   kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň hojalyk işleriniň seljermesini gurnamagy;

-   kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň maliýe hasabatyny düzmegiň ýörelgelerini doly özleşdirmegi;

-   bankyň pul dolanyşygynyň guralyşyny, pul emmisiýasyny, hojalygyň dolanyşygyna pul goýberilişini we dolanyşykdaky pul toplumyny kadalaşdyrmagyň usullaryny;

-   fiziki we ýuridiki taraplar hem-de telekeçilik ulgamlarynda salgyt salmagyň usullaryny guramagy;

-   salgyt salmak hem-de döwlet býujetini işläp düzmek babatynda  kabul edilen gollanmalaryň we düzgünnamalaryň esasynda ykdysady görkezijileri boýunça zerur bolan maglumatlary taýýarlamagy.

Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleri hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Häsiýetnama hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralarynyň, hünärmeniň hünär derejesini ýokarlandyrýan edaralaryň okuw meýil-namalaryny düzmekde esasnama we iş ýazgysy bolup hyzmat etmelidir.

Kär häsiýetnamasyna ylmyň gazananlaryna esaslanýan üýtgetmeler we goşmaçalar diňe Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ylalaşmagy esasynda girizilip bilner.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42