Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
2002Kär: Ykdysatçy
Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünäri boýunça taýýarlanylýan ykdysatçylaryň wezipelerini hem-de olaryň hünärine bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär.
Kär häsiýetnamasy hünärmenleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly hünärmenleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, orta hünär okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işlerini gura-mak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerine ugradylyşyny, işe ýerleşdirilişini üpjün etmek we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň hünärlerine laýykdygyny seljermek üçin ulanylmalydyr.
Hünärmeniň wezipesi
Hünärmen alan hünärine we kärine laýyklykda ykdysadyýetiň pudaklarynyň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagy we dolandyrylmagy babatda edara-kärhanalarda meýilnamalaşdyryş, dolandyryş, hasaba almak we derňew işlerini geçirmek üçin taýýarlanylýar.
Hünärmen Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ulgamyna degişli pudaklaryň hem-de durmuş ulgamyna degişli pudaklaryň merkezi, welaýat we etrap bölümlerinde, şeýle hem, dürli maksatly pul serişdelerini meýilleşdirýän, dolandyrýan edara-kärhanalarynda we beýleki döwlete dahylly edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipelerde işläp biler.
Hünärmene bildirilýän umumy talaplar
Hünärmen ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, syýasatyna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge çalyşýan şahs bolmalydyr.
Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir:
- maliýe we ykdysady gatnaşyklary boýunça ykdysady nazaryýeti;
- ykdysadyýetiň pudaklaryny dolandyrmagy meýilleşdirmegiň hem-de döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň usullaryny;
- ykdysadyýetiň pudaklarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň meýilnamasyny işläp taýýarlamakda ulanylýan ykdysady görkezijileri;
- ykdysadyýetiň pudaklarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň meýilnamasyny işläp düzmegiň esasy ýörelgelerini;
- ykdysadyýetiň pudaklarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileri boýunça maliýe hasabatlylygynyň düzümini we esasy ýörelgelerini;
- ykdysadyýetiň pudaklarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň maliýe hasabatlylygy boýunça seljerme işlerini geçirmegiň tertibini;
- döwlet býujetini işläp düzmegiň tertibini we esasy ýörelgelerini;
- maliýe menejmentini;
- býujet – maliýe hasabyny we hasabatlylygyny;
- halkara hasabyny we hasabatlylygyny;
- maliýe gözegçiliginiň esasy ýörelgelerini.
Hünärmen şu aşakdakylary başarmalydyr:
- maliýe we ykdysady syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ykdysadyýeti maliýe we ykdysady taýdan kadalaşdyrmagy;
- ykdysadyýetiň pudaklaryny dolandyrmagy meýilleşdirmegi hem-de döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagy babatda ykdysady görkezijileri işläp taýýarlamagy;
- ykdysadyýetiň pudaklarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň meýilnamasyny işläp taýýarlamaklygy;
- ykdysadyýetiň pudaklarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň maliýe hasabatlylygyny işläp düzmegi;
- ykdysadyýetiň pudaklarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň maliýe hasabatlylygy boýunça seljerme işlerini geçirmegi;
- merkezleşdirilen we ýerli býujetleri işläp düzmegiň tertibini hem-de maliýe serişdelerini maksada laýyk ulanylmagyny meýilleşdirmegi we dolandyrmagy;
- edaralaryň we kärhanalaryň maliýe-ykdysady işlerini gurnamagy;
- maliýe gözegçiligini ýola goýmagy we olar boýunça degişli netijenamalary işläp taýýarlamagy;
- ykdysadyýetiň pudaklary boýunça durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalarynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy.
Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleri hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Häsiýetnama hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralarynyň, hünärmeniň hünär derejesini ýokarlandyrýan edaralaryň okuw meýil-namalaryny düzmekde esasnama we iş ýazgysy bolup hyzmat etmelidir.
Kär häsiýetnamasyna ylmyň gazananlaryna esaslanýan üýtgetmeler we goşmaçalar diňe Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ylalaşmagy esasynda girizilip bilner.